Parižden Aşgabada ussatlygyň çeper köprüsi: Şopen diñlän bolsa, begenerdi


      Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň kiçi zalynda 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde aýratyn bir ruhubelentlik höküm sürdi. Bu gün dünýä belli fransuz pianisti we Parižiň Ýokary milli sazçylyk konserwatoriýasynyň mugallymy Kristin Fonlýupt, ýaş hem-de geljekde uly üstünliklere eýe boljak sazandalara öz ussatlygyny paýlaşdy. Bu ajaýyp çäre, şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan) gatnaşmagynda geçirilýän "Frankofon bahary" festiwaly bilen baglanyşykly.
     Baý tejribä eýe bolan ussat  mugallym Fonlýupt, özüniň fortepiano sungaty baradaky çuňňur düşünjesini we gymmatly öwüt-nesihatlaryny türkmen ýaşlary bilen paýlaşdy. Bu ussatlyk sapagy gatnaşan her bir adam üçin hakyky baýramçylyk sowgady bolup, klassiki eserleriň  ýerine ýetirilişine täze bir öwüşgin çaýdy.
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň we  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zehinli okuwçylary we talyplary özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler:6-njy synp okuwçysy Orazowa Gulaýym K.Debýussiniň "Aý şöhlesi" eserini ýerine ýetirdi; 9-njy synp Nurlyýewa Aýlar S.Rahmaninowyň "Ýumoreskasyny" ussatlyk bilen janlandyrdy; Serdarow Mukam F. Şopeniň 23-nji etýudynyň täsinligini açyp görkezdi; 3-nji ýyl talyp Rahmanowa Ogulnäzik F.Şopeniň 18-nji etýudyny şeýle bir ýerine ýetirdi welin,  Kristin Fonlýupt: "Şopen özi eşidip, begenerdi"- diýip aýtdy; 5-nji ýyl talyby Ataberdiýew Çaryýar Paganininiň temasy boýunça F.Listiň a-moll etýudyny ýerine ýetirip, tomaşaçylary haýran galdyrdy; 3-nji  ýyl talyby Allanazarow Oraz bolsa S.Prokofýewiň üçünji Sonatasyny ussatlarça ýerine ýetirip, çylşyrymly repertuara erk edýändigini subut etdi.
     Her bir çykyşa myhman sazanda Fonlýupt özüniň ýokary bahasyny berdi. Ol diňe bir tehniki ussatlyga üns bermän, eýsem, ýaş sazandalaryň eserleriň duýguçyllygyna has çuňňur aralaşmagyna, olaryň içki gözelligini we täsirini açyp görkezmegine kömek etdi. Onuň beren maslahatlary örän takyk, ylham beriji we her bir ýerine ýetirijiniň özboluşlylygyny ösdürmäge gönükdirilen.
       Bu ussatlyk sapagy diňe bir fortepiano sungaty boýunça sapak bolman, eýsem, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze bir belent sepgide ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu täsirli duşuşyk, ýaş zehinler üçin täze bir ugur açyp, olaryň sungat dünýäsindäki ösüşine uly goşant goşdy. Kristin Fonlýuptiň paýlaşan bilimi we tejribesi, geljekde bu ýaş sazandalaryň dünýä derejesinde tanalmagyna ýardam eder diýip umyt edýäris. Şunuň ýaly halkara hyzmatdaşlyklar, medeniýetiň we sungatyň serhet bilmän ösýändiginiň, şeýle-de ýaş nesilleriň dünýäniň iň gowy tejribelerinden peýdalanmaga mümkinçilik alýandygynyň aýdyň mysalydyr. Bu wakanyň ýatdan çykmajak täsirleri  Aşgabadyň sazçylyk dünýäsinde täze bir sahypa açdy.Bu günki ýeňişler we üstünlikler, hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň döredijilik ukyplarynyň we zehinleriniň açylmagyna döredilýän giň mümkinçilikleriň miweleridir. Bu ajaýyp duşuşyk, geljekde hem Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna uly goşant goşjakdygyna şübhe ýok.



Enejan NURYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky  
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Ýörite fortepiano “  kafedrasynyň uly mugallymy.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm