Baky Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Her bir güni toýdyr baýramlara beslenýän Türkmenistan watanymyz parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen öňe barýar.
Şu günlerde baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralar diýarymyzyň dürli künjeklerinde uly dabara bilen geçirilýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn-asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi L.Hudaýberdiýewanyň we “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymy S.Kubyýewanyň hem-de olaryň talyplarynyň konserti hem baky Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Konsert meýilnamsynda türkmen halk sazlaryna we professional türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerine orun berilipdir. Ýerine ýetirilen çykyşlardan L.Hudaýberdiýewanyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy “Balsaýat”, rus halk sazy “Kalinka”, Çary Nurymow “Konsert” I bölüm, S.Kubyýewanyň ýerine ýetiren Baýram Hudaýnazarowyň “Gel sähranyň maňlaýyndan öpeli”, Hydyr Allanurowyň “Öz watanymyň aşygy” aýdymlary dabara özboluşly bezeg berdi. Konserdiň dowamynda ýaňlanan gyzlar ansamblynyň ýerine ýetirmegindäki “Alkyş aýdýas Gahryman Arkadagly Serdarymyza!” atly aýdymy diňleýjileriň kalbyny has-da joşguna besledi.
Konserti bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” diýen aýdymy jemledi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň ajaýyp durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Hurma GOŞJANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.
