“Hemişelik Bitaraplyk aýdyň ýollara şamçyrag” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi
Ýer ýüzüniň halklaryna parahat durmuş zerurdyr. Ol türkmeniň ajaýyp mukamyndadyr, mekanyndadyr, medeniýetindedir. Türkmen medeniýeti bolsa parahatçylyk arzuwlaryny alamatlandyrýar. Milli medeniýetimiziň başy her bir türkmen ojagynda dutaryň bolmagy, onuň owazynyň ýaňlanmagy adat hasaplanýar. Ol bolsa öz owazyny diňe päk arzuwlardan, ýagşy umytlardan alýar. Baky Bitaraplygymyzyň sakasynda milli medeniýetimizde jemlenen halkymyzyň abadan ýaşaýyş, parahat durmuş hakyndaky oý-pikirleri, ýagşy niýet arzuwlary bar.
Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baky Bitaraplygymyzyň baýramy mynasybetli dabaralar ýokary derejelerde bellenilip geçilýär. Ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilelikde gurnamagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplyk aýdyň ýollara şamçyrag” ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri Maral Nuryýewa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Gunça Saparowa we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň müdiri Oguljan Erkäýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler öz gezeginde talyp ýaşlara döwletimiziň bitaraplygynyň mukaddesligi, halkymyza berýän erkinligi, döwletimiziň dünýä ýüzündäki orny dogrysynda bellediler. Çäräniň dowamy Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmegi-de watanymyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdym- sazlara utgaşyp gitdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumuzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Dinara DAWLETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby
