Birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestrnyň konserti geçirildi


      2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen konsert baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Halkara BItaraplyk gününiň baýram edilýän pursatlarynda guralan bu konsertde  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň Birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestry çykyş etdi. Belläp geçsek, bu toparyň konserti geçen “Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýylnda hem geçirilipdi. Şeýle konsertleriň geçirilmegi ýaşlaryň öz hünärlerinden tejribe alyşmaklary üçin peýdaly bolup durýandygy aýratyn bellenilmeli işleriň biridir. 
     Ýurdumyzyň sungat mekdepleriniň ýaşlary üçin taýýarlyk günleriniň dowamynda konserwatoriýada birnäçe ýyllaryň dowamynda zähmet çekip gelýän üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünäriniň halypa  mugallymlarynyň ussatlyk sapagynyň geçirilmegi ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrdy. 
    Konsert maksatnamasyna girizilen türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eseri, şol sanda  R.Nepesowyň “Bitaraplyk simfoniýasy”, Ç.Nurymowyň “Çapyksuwaryň aýdymy”, O.Taşmatoryň “Andižan polka” eseri diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy. Konsertde orkestra konserwatoriýanyň ýaş mugallymy Şirhan Batyrow dirižýorlyk etdi.
       Konserte gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirilen D.Ökdirowyň “Arkadag aýdymy” döwrümiziň waspyny ýetirip, köňül alkyşlaryna beslenen ajaýyp jemlenme boldy. 
      Diňleýjiler köpçüligi üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrülen konserte gatnaşyjylar ýurdumyzy toý baýramlaň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler.



Röwşen ŞAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm