Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp geçirilen konsert


       Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Hor dirižýorlygy” kafedrasynyň Kamera hor toparynyň konserti geçirildi. 
           Bu hor toparynyň hormeýsteri Rano Orunowa, ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk artisti, dosent Gurban Babaýew.
           Konsertiň meýilnamasyna türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri we halk aýdymlarynyň täzeden işlenen nusgalary goşulypdyr.
        Çykyşlaryň başynda R. Orunowanyň dirižýorlyk etmeginde D. Nuryýewiň “Sen çölüň”, Ç. Nurymowyň “Oýanmaz”, “Näzlim uz maňa”, A. Wiwaldiniň “Gloria in Ekselsis”, we 5-nji ýyl talyplar J. Myradowanyň dirižýorlyk etmeginde R. Allaýarowyň “Rus tokaýy”, A. Täçmyradowanyň dirižýorlyk etmeginde “Не кукушечка во сыром бору”, Z. Jangeldiýewanyň dirižýorlyk etmeginde A. Sweşnikowyň “Ой все кумушки домой”, A. Tagandurdyýewanyň dirižýorlyk etmeginde “Zöhre-Tahyr” operasyndaky jemleýji hor ýaňlandy. Baýramçylyk konsertinde talyp ýaşlaryň ýekelikde ýerine ýetiren çykyşlary hem boldy. J. Werdiniň “Rigoletto” operasyndan “Gersogyň aýdymyny ” 3-nji ýyl talyp R. Meredow, S. Rahmaninowyň “Весенние воды” eserini 5-nji ýyl talyp B. Gandymowa ýerine ýetirdiler.
       Baýramçylyk dabarasynda dirižýorlyk eden talyplaryň köpüsi 2025-2026-njy okuw ýylyndaky uçurymlar bolup, olaryň başarnyklarynda hor topara dirižýorlyk etmegiň inçe syrlaryny öwrenip, kämilleşendiklerini görmek bolýar. 
        Konsertiň ahyrynda dürli halklaryň saz eserlerinden parçalar esasynda  aýdymlar çemeni ýaňlandy. Ol eserleriň arasynda B. Hudaýgulyýewiň “Watandadyr”,  “Solidariti forewe” atly amerikan aýdymy, braziliýanyň  “Makumba”, türkleriň  “Nistarin Fidanlari”, özbekleriň  “Kylpyllama”, gyrgyzlaryň  “Söýgänim çyksa bolboýlu” ýaly halk aýdymlaryň hor üçin işlenen nusgalary we  R. Allaýarowyň “Diýarym” eserleri bar.
        Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsertde ýerine ýetirilen türkmen we  daşary ýurtlaryň dost- doganlyk eserleri diňleýjiler tarapyndan şowhunly elçarpyşmalar bilen garşy alyndy.



Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm