“Söýýän güýz paslyny, sarylygyny” atly çeper okaýyş bäsleşigi
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzda Türkmenistan Watanymyzyň Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy ýetip gelýär. Bu şanly sene mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda Türkmenistanyň halk ýazyjysy türkmen edebiýatynyň iň görnükli we söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllygy mynasybetli talyp ýaşlarynyň arasynda “Söýýän güýz paslyny, sarylygyny” atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy Arzygül Gylyjowa, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Gülnabat Ataýewa, eminleriň başlygy “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Ýazguly Babanyýazow emin agzalary hökmünde gatnaşdylar.
Bäsleşigiň birinji şerti boýunça Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň şygyryny çeper okamak, ikinji şertinde belli bir awtor tarapyndan ýazylan eseri (oýlanma, hekaýa, goşgy we ş.m) çeper okamak, üçünji şertinde bolsa berlen eseri kesgitli wagtda labyzly okamak boldy.
Bäsleşigiň ilkinji gatnaşyjysy Ýusup Ýazgylyjow Gurbannazar Ezizowyň “Bagt” goşgusy bilen bäsleşigi başlady. Soňra Haýydowa Göwher, Gulmyradowa Aýläle, Ýegenowa Ogulbeg, Mähri Tekäýewa, Jumamyradow Sylap, Baýramowa Medine we Ahmedowa Baýramgül dagylar şahyryň ajaýyp goşgularyny örän täsirli ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde olar Magtymguly Pyragynyň, şahyr Kerim Gurbannepesowyň we talyplaryň özleriniň düzen goşgydyr, oýlanmalaryny çeper okamakda bäsleşdiler. Üçünji şerte görä talyplar bellenen wagt aralygynda öz saýlan eserlerini labyzly okap berdiler.
Emin agzalarymyzyň çykaran netijesi esasynda Saz mugallymçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow 1-nji orna, Bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Jumamyradow Sylap 2-nji orna we Aýdym aýtmak hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mähri Tekäýewa 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Biz talyp ýaşlara okamaga, döretmäge, bilimimizi artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden köp sagbolsun aýdýarys!
Jennet ÝAGŞYMYRADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.
