“Bitarap watanym-Türkmenistanym” atly baýramçylyk dabarasy


      Garaşsyz, Baky Bitarap diýarymyzda, halkymyz her baýramçylygy buýsançly, dabaraly, medeni çäreler bilen garşylaýar. Baky Bitaraplyk bayramçylygynyň 30 ýyllyk ýubileýiniň ýetip gelýändigini buşlap  ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki edara, karhänalarda uly gerimli işler alnyp barylýar we baýramçylyk konsertleri geçirilýär. 
       Bu buýsançly sene mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda hem, dabaraly baýramçylyk konsertleri geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň  taýýarlanan “Bitarap watanym-Türkmenistanym” atly baýramçylyk konsertidir. Dabaranyň meýilnamasy türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryndan düzülipdir.
      Baýramçylyk konserti “Saz mugallymçylygy” kafedrasynyň dutarçylar toparynyň sazandarlyk etmeginde 1-nji ýyl talyp Orazsähet Ataýewiň ýerine ýetirmeginde, Akmyrat Çaryýewiň “Dutarym” atly halk aýdymy bilen açyldy. 1-nji ýyl talyp Mähriban Myradowanyň ýerine ýetirmegindäki A.Abdyllaýewiň “Bahar tansy” hem täsirli çykyşlaryň biri boldy. Bu eserde bahar paslynyň gelmegi bilen açylýan gülälekler, batly akýan şarlawuklar, ýaşyla burenýän tebigat, daglaryň gözelligi, wasp edilýär.
         Türkmen sazyna döwrebap gözýetimini girizen, kompozitor Çary Nurymowyň Magtymgulynyň goşgusyna “Armanym galdy”  atly aýdymy 3-nji ýyl talyp Ýazmyrat Bäşimowyň aýtmagynda ýaňlandy. Eseriň gussaly, gamgyn, häsiýetini ezberlik bilen diňleýjilere ýetirip bilendigi, olaryň uzak el çarpmalaryndan äşgär boldy. 
        Soňra kafedranyň hor toparynyň gatnaşmagynda birnäçe çykyşlar hödürlendi. Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Goý aýdylsyn Bitaraplyk aýdymy” we Döwletgeldi Ökdirowyň “Gahryman siz Arkadag” aýdymlarynda, erkana, parahat ýurtda ýaşamagymyz üçin uly işler alyp barýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk beýan edildi. Bu eserler talyp ýaşlaryň bagtyýar zamanamyza, Gahryman Arkadagymyza ýürek buýsanjy bolup ýaňlandy. 
         Bize şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren, asuda parahat ýurtda ýaşamagymyz, şeýle ajaýyp medeni çäreler guramaga, biz geljekki nesiliň ylym-bilim almagymyz we döretmegimiz üçin, uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
 



 Aýlar DÖWRANOWA,
Maýa Kulyýwewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm