Ärsary bagşyçylyk ýolunyň görnükli wekilleri
Aýdym-saz sungatymyzy ösdürip ony geljekki nesillere ýetirmekde bagşyçylyk ýollarymyzyň möhüm orny bardyr. Ärsary bagşyçylyk ýoly barada aýdylanda, bu ýoluň aýdymlaryny diňläniňde ýerine ýetiriş aýratynlyklary, ýagny sesiň açyk bolup bokurdakdan bärde bolmagy, ýa bolmasa aýdyma sazandarlyk edilende giriş heňlerini bentleriň aralygyndaky, aýdymyň soňundaky gutaryş heňleriň çalynmaýandygy köp aýdymlarda duş gelýänini duýmak bolýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz-etnografiki laboratoriýasynyň işgärleriniň birnäçe ýyl mundan ozal Hojambaz etrabynda bolup ýygnan maglumatlarynyň esaslarynda bu bagşyçylyk ýolunyň halypalarynyň sanawyny üç şaha boýunça şeýle tertipde getirmek bolar:
1-nji şaha – Pirnazar bagşy, onuň şägirdi Şahy bagşy, onuň şägirdi Döwlet bagşy, onuň şägirdi Hatam bagşy, onuň şägirdi Öwliýäguly bagşy,onuň şägirdi Juma Wellekow.
2-nji şaha – Şaýym bagşy,onuň şägirdi Sähet bagşy, onuň şägirdi Gara Möwlam,onuň şägirdi Jelil Hümmedow.
3-nji şaha – Ilgeldi bagşy, Öre bagşy, Dörmen bagşy, Owgan bagşy(Ahmedow).
Ärsary ýolunda belli ussat bagşylardan Pirnazar bagşy,Şahy bagşy, Döwlet bagşy,Kyrkar(Gyrkar) bagşy,Hatam bagşy,Öwülýaguly bagşy, Juma Wellek,Şaýym bagşy,Sähet bagşy,Gara Möwlamow,Jelil Hümmedow,Ilgeldi bagşy,Öre bagşy,Dörmen bagşy,Owgan bagşy,Mustak Aýmedow,Musa Ýazmyradow,Haýytly Mämmetdurdyýew,Rozy Muhammediýew,Orazgylyç Gurbannyýazow,Jumagül bagşy,Hatyja Ýahýaýewa,Ören Atakow,Gurbandurdy Öwezow,Mährem Jumaýew,Umyt Mustakow ýaly bagşylaryň atlaryny aýtmak bolar.
Bu ýol barada Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow şeýle ýazýar: ,, Aýdym-sazyň pirleri ýatlananda, Orta Aziýada Aşyk Aýdyň pir we Babagammar bilen bir hatarda Myrat bagşy piriň ady hem agzalýar. Myrat bagşy pir hakynda öňem metbugatda gürrüň gozgapdyk. Bu gürrüň Sakar etrap Bagşylar öýüniň direktory Ören Atakow we onuň işdeş ýoldaşlary tarapyndan hem gyzgyn goldaw tapdy. Atam- molla Öwez Hajy: “Türkmeniň ärsary taýpasyndan bolan bagşylar : “Ýa,pirim, Myrat bagşy ata!” diýip, aýdym-saza başlardylar” diýip gürrüň berýärdi. Elbetde, oňa özümem birnäçe gezek şaýat boldum. Atam maňa: “Oglum, aýdym-saz bilen iş salyşjak bolsaň, hökman git-de Myrat bagşy ata pire sygyn! Ýaşulylardan eşidişime görä, onuň gubry Mekan obasynyň aňry ýanynda bolmaly” diýip sargyt edýärdi”. Täjigistanyň Jyllyköl raýonynyň “Lebap” kolhozynda ýaşaýan bagşy Ýazmyrat Jumadowyň aýdýan “Myrat şahyr” dessany bizi az iňkise goýmady. Bagşynyň beýan edişine görä, dessandaky baş gahryman Halajyň Pelwert obasynda ýaşapdyr we halky özüniň aýdym-sazyna maýyl edip bilipdir. XVI asyra çenli türkmeniň ärsary, salyr, teke, ýomut, gökleň, saryk, çowdur ýaly taýpalary bir ýerde – Balkanda hem Maňgyşlakda ýaşapdyrlar. Şol sebäpli türkmen taýpalarynyň aýdym-sazynda, medeniýetinde we beýleki gymmatlyklarynda bütewilik saklanan bolsa gerek. Şeýle nukdaýnazardan seredeniňde, türkmen taýpalarynyň ýörite aýdym-saz ýollarynyň hem Balkandadyr Maňgyşlakdan göçülenden soň, has özboluşly aýratynlyga eýe bolandygy görnüp dur. Ärsarylar bilen sakarlylar elmydama goňşyçylykda ýaşap gelýär. Şu iki taýpanyň bileleşip ýow gaýtarandygy hakynda Seýitnazar Seýdiniň goşgularynda aýdylýar. Şeýle bolansoň, iki tiräniň bagşylarynyň hem bir pire gol berip, şony özlerine halypa tutunmagy bolup biläýjek kanuny zatdyr. Serkerde şahyrymyz Seýdiniň döwürdeşi we obadaşy Pudak bagşynyň, Magryp saltygyň, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýaşap geçen asyl ady Nowgül, il arasynda Bezmeden ady bilen tanalýan aýal bagşynyň, ýene şol etraplarda ýaşan belli bagşylar Ärjik dananyň, Rozy bagşynyň, pelwertli Döwlet gotdanyň, burdalykly Hoçjy bagşynyň we ýene ýeneleriň Myrat bagşy atanyň ýoluny dowam etdirendigi hakynda çaklamalar bar.
Biziň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda döredip berýän mümkinçilikleri, edýän bimöçber aladalary üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Goý olaryň jany sag,başy dik tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Mergen ASDANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Türkmen sazy” hünäriniň II ýyl talyby.
