Iki zehin berlen kompozitordy...
Çary Nurymow heniz ýaşap ýören döwri özini ussat kompozitor hökmünde ykrar etdiripdi. Ýöne ýere ony bir döwür Gyrgyzlar ýörite öz ýurtlaryna çagyryp balet ýazyp bermegini haýyş etmediler ahyry...
Biziň şu günlerimizde hem, onuň eserleri dünýäniň köp ýurtlarynda ýerine ýetirilýär. Iki-üç ýyllykda Angliýada onuň ikinji simfoniýasy çalyndy, şonda zalda oturan Ýewropalylar oturan ýerlerinden ör turup “Brawo Türkmenistan”- diýip çapak çalýarlar. Şol pursatlary synlanyňda gözüňe ýaş aýlanýar. Biziň halkymyzda hem edebine, zehinine guwanar ýaly şahsyýetlerimiziň barlygy juda begendirýär. Eýsem-de bolsa Ýewropalylar herki zada ör turup çapak çalmaýarlar ahyry...
Şol ussatdan tälim almak maňada bir döwür miýesser edipdi. D. Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi dördünji kursuna geçenimde bize Jeren Gurbangylyjowa işe geldi we bizi “Saz gurallary öwreniş” dersi boýunça okadyp başlady. Günleriň bir güni men hem saz ýazýaryn diýip aýdanymda Jeren mugallym “Men seni Çary Nurymowiç bilen tanyş edeýin” - diýip meni Türkmenistanyň kompozitorlar birleşmesine alyp gitdi. Ol wagtlar Çary Nurymow Türkmenistanyň kompozitorlar birleşmesiniň başlygydy. Men gaty tolgunmak bilen bir-iki sany eserimi çalyp berdim. Ol kän gürlemedi. Öz ýanymdan “halamady öýdýän” - diýip gaýga batdym. Soň gaýdyp gelýärkäk Jeren mugallym “Çary Nurymowiçe seniň eserleriň ýarady, ol seni özi okatjak diýýär” – diýeninde begenjimiň çägi bolmandy... Howa, şol ezber kompozitor bilen tanyşlygym şeýle başlanypdy, oňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Çary Nurymowyň zehinli okuwçysy, indi belli kompozitorymyz Jeren Muhammetnurowna Gurbangylyjowa sebäp bolupdy...
Çary Nurymow diňe bir ussat kompozitor däl, ol ussat mugallymdy hem. Döredijilik örüsi gaty giň gyrakly kompozitordy. Onuň döredijiliginde uly göwrümli sahna saz eserlerinden başlap simfoniýalar, poema, birnäçe konsertler, kinofilmleriň sazlary, ençeme aýdymdyr-romanslar, çagalar üçin döredilen eserler estrada eserleri bar. Örän köptaraply döredijilik stili bolan Çary Nurymow bilen ýöne söhbetdeş bolmak hem gyzyklydy. Ruhunyň, kalbynyň giňligi ýaly döredijilik äleminiň göwrümi-de giňdi. Uly göwrümli eser ýazsyn, çagalar üçin eser döretsin, hiç hili ýöntemlik goýbermezdi. Bir ýola sapagynda otyrkam “Biz Watanyň lälesi” aýdymyny döredişi barada gürüň berdi. Özi çalyp, aýdyp berdi. Gözleri çaga mähri ýaly ýitelip gitdi. Şonda bir aýdan jümlesi hiç ýadymdan çykmaýar:
– “Çagalar üçin aýdym ýazaňda has çynyň bilen ýapyşgyn, çünki olaryň bir aýratynlygy bardyr – olar ýalan sözläp bilenoklara, aýdym aýdanlarynda hem ýürejiginden syzdyryp çyny bilen aýdýar olar. Wah, ulularada aýdymyňy hemişe şeýdip aýtdyryp bolaýsady” – diýipdi.
Çary Nurymow diýilýän beýik kompozitor, eser döretmegiň täsin tilsimlerinden baş çykaran ussat kompozitor hökmünde taryhyň gatlaryna öz adyny ýazyp bildi. Ol diňe türkmenleriň wekili däldir, umumyadamzat medeniýetine goşant goşan zehinli kompozitorlaryň biridir. Hindileriň beýik gyzy Indira Gandiniň hatyrasyna bagyşlap ýazan kirişli kwartetinde saz gurallar hindiçe “gürleýär”. Sazyň arasyndaky wiolonçeliň rikoşet usulynda edýän kakuwy, hindileriň tablosynyň kakuwyny ýadyňa salyp, kalbyňda hindileriň keşbini oýarýar. “Ala bahar ak güller, açylsa parlap..” aýdymyny diňleseň, şol gülleriň ysy hem burnuňa urýan ýaly söýgüliniň näzem, türkmeniň mymyk jana şypa beriji bahar howasy hem duýulýar. “Gitme sen” “Meleguş” ýaly aýdymlar nähili derejede türkmençe ýazylypdyr. Ýürekden çykan eserler!.. “Mary-Şahy-Jahan” monumental simfoniýasynda saz dramaturgiýasynyň ösdürilişi we onuň finalyndaky dogaly epizod iniňi tikenekledýär...
Ussatlarça ýazylan şeýle eserlere ýene birnäçe mysallar getirip boljak. Türkmençe eser ýazanynda orkestr türkmençe “gürleýär”, gaýry ýurt temalaryna ýüzleneninde olaryň dilinde gürledip bilýän ussadyň zehini – seýrek zehinlerdendi. Bir milletiň çäginden çykyp bilen şeýle ussat kompozitoryň eserleri bakylyga ýugrulandyr. Şonuň üçin, Adamzat jemgyýeti näçe ýaşasa Çary Nurumowyň eserleri hem şonça ýaşar!..
Türkmenleriň guwanjy – Çary Nurymowda okan döwrüm onuň käbir mugallymçylyk usullarynyň hem aýratynlygyny aňypdym. Taryhda beýik kompozitorlar kän. Ýöne şolaryň hemmesi beýik mugallym däl. Çary Nurymow öz diýjek bolýan zadyny çürt-kesik edip düşündürip bilýän ussat mugallymdy hem. Dünýä saz medeniýetinden mysallar getirip (ol fortepiano guralynyň ezberidi) çalardy. Öňünde goýan notasyny ýüzugra okamaga ökdedi. Şol bir wagtda öz eserlerinden hem çalyp berip “ynha men şu ýerini şeýle etdim”- diýip sebäbini düşündirmäni gowy görerdi. Onuň sapagyndan “wah, şu zada gaty düşünmedim” diýip çykyp gaýdýan wagtyň bolmaýardy.
Howa, zehini iki taraplaýyn berlen şeýle ussatda okamak bagty az wagt hem bolsa, maňada miýesser edipdi...
Meret ANNAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa
we gurallama”kafedrasynyň uly mugallymy,
kompozitor.