Halypamy ýatlap...


      Professional aýdym-saz sungatyna ýaňy aýak basyp başlan ýyllarym maňa Türkmenistanyň halk artisti, zehinli kompozitor  Çary Nurymow bilen tanyşmak miýesser edipdi. Şol ýyllar (umuman alanyňda  1970-1979-njy ýyllar aralygynda) men ilki D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk  mekdebi Çary Nurymowda öz hünärimiň daşyndan kompozisiýa dersi boýunça fakultatiw sapak alyp başladym. Soňra käbir başga kompozitorlary maslahat berselerde men Çary Nurymowda okajak diýip “aýagymy depip” durdum. Munuň hem aýratyn sebäbi bardy – ol diňe ussat kompozitor däl-de maňa atalyk aladasy bilen garaýan ussat mugallym hökmünde hem ýaraýardy. Şeýlelik bilen ýene 5-ýyl konserwatoriýada (ol wagt Türkmen Döwlet Pedagogiki Sungat Instituty) kompozisiýa hünäri boýunça okan ýyllarym hem, şol ussatdan hünär we gurallama derslerinden sapak  almak bagty maňa miýesser etdi. Indi meniň ussat halypam Çary Nurymow - hiç kime meňzemeýän ýiti zehinli şahsyýet, ajaýyp kompozitor, ussat mugallym hökmünde aňymda orun tutupdyr. Bu ýagdaý diňe mende-de däl bolsa gerek. Çünki, onuň sapaklary örän gyzykly geýçärdi, hiçisi bir-birine meňzemeýärdi. Dünýä saz medeniýetinden mysallar getirip çalyp bererdi, biziň pikirimizi sorardy. Dünýä  belli edebiýat we sungat ussatlarynyň poetiki parçalary we nakgaşçylaryň işlerini sapaga getirerdi. “Şu kompozitor şeýle usul tapypdyr” – diýip daşary ýurtly öz döwürdeşleriniň eserlerini diňlederdi. Ol kompozisiýa tehnikasyndan ussatlarça baş çykaryp bilýän, ähli çeperçilik akymlaryna doly we dogry baha berip bilýän ussatdy. Türkmen halk sazlaryny gowy bilýärdi.
     Mugallym hökmünde Çary Nurymowyň käbir aýratynlyklary barada aýtmakçy bolýaryn. Eseriňi görkezmäge sapaga baraňda derrew roýalyň başyna geçip ony özi çalardy. Kä wagt öwerdi, kä wagt “döwerdi”. Kä halatlar bolsa uly bir bölümden sähelçe taktlar galdyryp, “ine şu motiw saňa tutaryk bolup biljek,  şuny ösdür”-diýip özi improwizasiýa edip dürli wariantlarda görkezip işimi ugrukdyrardy. Indi özim konserwatoriýanyň dosenti hökmünde hünärden okadýan talybym eserini getireninde roýalyň başyna geçip çalyp başlaýaryn. Şonda ussadym ýadyma düşüp  çalaja ýylgyranymy duýman galýaryn. Bu dünýede köp zat aýlanyp gelýän eken. Ussatlarda okamak hem bagt weli, olardan öwreneniňi nesillere geçirmek  hem uly bir sogap iş bolsa gerek...
     Çary Nurymowyň ýene bir aýratyn tarapy hakda agzamak isleýärin. Aslynda kompozitor bir täze eseriň üstünde işläp ýörkä hiç kime ony görkezmezek bolýar. Çary Nurymow weli  köplenç öz täze başlan eserlerinden parçalary çalyp bererdi, meniň pikirimi sorardy. Saz formalaryny düşündireninde öz eserlerinden hem mysal getirip düşündirerdi. Şol döwürler men onuň “Ynha men täze konsert başladym” – diýip böleklerini çalýany ýadymda. Indi seredip otursam ol eser häzirki onuň dünýä belli üç bölümli fortepiano we orkestr üçin  konsertiniň üçünji bölümi eken. Howa, men şol beýik eseriň döreýän döwründe şol beýik ussatda okaýardym. Ol eseriň ilki üçünji bölümi ýazyldy, soňlugy bilen  onuň ikinji we birinji bölümleriniň hem ýazylanynyň men şaýady bolupdym. Aslynda onda okan döwrüm täze eserleriň döreýändiginiň birnäçe gezek şaýady bolupdym...
Çary Nurymow özüne-de, öz talyplaryna hem örän talapkärdi. “Diňe zehiniňe daýanmak ýeterlik däldir Jeren, hysyrdyly, irginsiz zähmet çekip kämilleşmelidir” – diýen sözleri ençe ýyllar geçen hem bolsa, häli-häzir hem gulagymda ýaňlanyp dur. Onuň sapagy alyp baryş usuly, eseriň barada, onuň üstünde işläniňde haýsy taraplaryny has ösdürilse şowly boljakdygy barada  berýän  maslahatlary meniň üçin örän gymmatlydy. Indi onuň usullaryny özüm  sapak alyp baranymda tutaryk edýärin.
      Eger saz äleminde bir zatlar gazanan bolsam, olar ussat kompozitor, meniň halypam Çary Nurymowyň ady bilen baglanyşyklydyr. Eger durmuşda bir zatlar gazanan hem bolsam,  enem-atam bilen bir hatarda atalyk edebini beren  ylym atam - Çary Nurymowyň ady bilen hem  baglanyşyklydyr. Eger kompozitor hökmünde, mugallym hökmünde hem bir derejelere baran bolsam, olar hem ussat halypamyň ady bilen baglanyşyklydyr. Çary Nurymow diýlen kompozitor – türkmeniň  millet hökmünde  abraýynyň belende galmagynda örän uly hyzmatlary bitiren ägirt şahsyýetleriň biridir. Onuň ölmez-ýitmez eserleri  dünýäniň uly konsert zallarynda ýaňlanyp, bu gün türkmen halkynyň abraýyny arşa göterýär. 




                                                                                                                                                                                                                                                                   
                                                                                                                                                                                                                                                                
Jeren Gurbangylyjowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri,
kompozitor. 



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)
 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm