POLŞALY SAZANDANYŇ USSATLYK SAPAGY
2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen Polşaly pianinoçy Woýçeh Waležegiň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda daşary ýurtly sazanda türkmen ýaşlaryna fortepiano sungatynda ýerine ýetirijiligiň aýratynlyklary dogrusynda, bu sungatyň tutýan orny barada täsirli gürrüňleri berdi.
Ussatlyk sapagynyň barşynda talyp ýaşlar myhman sazanda dünýä meşhur kompozitorlaryň döreden nusgawy saz eserleriniň birnäçesini ýerine ýetirip berdiler. Ýaşlaryň ýerine ýetirijiligini diňläp sazanda olara özüniň gowy bahasyny berip, eseri öwrenenlerinde haýsy endikleriň zerurlygy barada degerli maslahatlaryny hem berdi. Ençeme ýyllaryň dowamynda uly sahnalarda şowly çykyşlary görkezip gelýän Polşaly sazanda sahna hereketi barada aýtmak bilen, ýerine ýetirijiniň ýekelikde bolsun, ýa-da topar bilen bilelikde çykyş edeninde haýsy ýagdaýy dogry bilmelidikleri hakynda hem aýdyp geçdi.
Şeýle ussatlar bilen duşuşyklaryň geçirilip durulmagy talyp ýaşlaryň öz hünärlerinden kämillige ýetmekleri üçin peýdaly işleriň biri bolup durýandygyny sapaga gatnaşan halypa mugallymlar bellediler.
Geçirilen sapagyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen ýaşlarynyň dost-doganlyk döwletleriniň ussatlary bilen tejribe alyşmak babatynda döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Guwanç HALLYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
