Iogann Sebastýan Bahyň 340 ýyllygyna bagyşlandy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni toý – baýrama beslenýän gözel ülkämizde Bitaraplyk baýramy ýetip gelýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli konsert çykyşlary geçirilýär.
Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kamera ansambly” kafedrasynyň gurnamagynda beýik nemes kompozitory Iogann Sebastýan Bahyň 340 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý konserti geçirildi.
Beýik nemes kompozitory müňlerçe saz eserleri bilen dünýä saz medeniýetinde ägirt uly mirasy goýup gidipdir. Onuň eserleri saz tejribesinde ussat sazandalaryň ýerine ýetirijiliginde mynasyp orun eýeleýär. Bahyň dürli žanrlardaky eserleri sazçylyk mekdepleriniň, ýörite sungat mekdepleriniň, konserwatoriýanyň okuw maksatnamasyna girizilendir. Bu eserler professional sazandalaryň hünär taýdan kämilleşmeginde örän ähmiýetlidir.
Konserwatoriýada geçirilen konsertde saz ägirdiniň dürli žanrlarda ýazan eserleri ýerine ýetirildi. Konserdiň başynda skripka üçin “Adagio we fuga g-moll” eseri Halkara bäsleşikleriň laureaty Aýbölek Muhyýewa tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Soňra Halkara bäsleşikleriň laureaty Aýnur Otuzowanyň çalmagynda “Gowy temperirlenen klawir” toplumyndan №24-nji “Prelýudiýa we fuga h-moll” hem diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowanyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde “Magnifikat” eserinden sopranonyň ariýasy, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa bilen bilelikde №78 kantatasyndan duet ýaňlandy. Bu eserlere fortepianoda ussat sazanda Stella Faramazowa sazandarlyk etdi. Beýik kompozitora bagyşlanan agşamda Halkara bäsleşikleriň laureatlary Döwran Geldiýewiň, Jeýran Ismailowanyň çykyşlary hem gyzgyn garşylandy. Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylyk edýän Kirişli saz gurallar orkestriniň gatnaşmagynda B. Durdyýewanyň aýdan “Awe Mariýa” eseri, Halkara bäsleşikleriň laureaty Seýran Atanyýazowyň we Leýli Salyhowanyň ýerine ýetirmeginde kompozitoryp Ikinji konserti diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy.
Ýubileý konserti I.S.Bahyň 3-nji “Brandenburg konserdiniň” 1-nji bölümi bilen şowly tamamlandy.
Jennet ÝAGŞYMYRADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.
