Ýaş kompozitoryň eserleri ýaňlandy


    “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz, sungatymyz beýik ösüşlere ýetýär. Toýlarymyz toýa ulaşýan güneşli diýarymyzda ýylymyzyň buýsançly şygaryny şöhratlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
     Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň mugallymy kompozitor Nury Ataýewiň eserlerinden düzülen awtorlyk konserti geçirildi. Bu dabaraly konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde kompozitoryň kärdeşleri, ýakyn dostlary we dogan-garyndaşlary gatnaşdylar. Konsertiň başynda awtoryň ýerine ýetirmeginde fortepiano üçin “Sözsüz aýdym” hem-de “Prelýudiýa”, fortepiano üçin çagalar albomyndan “Hüwdi”, “Öýkelek”, “Owlajyk we oglanjyk”, “Oglanjygyň tansy” ýaly eserleri ýaňlandy. Soňra awtoryň klarnet saz guraly üçin “Kenarda” atly eserini talyplar Annalow Kerim, Joraýew Batyryň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi.  Soňra Nury Ataýewiň täzeden işlän Türkmen halk aýdymy “Kandadyr-kanda” eserini oglanlar akapella ansambly ýerine ýetirdiler. 
      Kompozitoryň döreden uly göwrümli eseri bolan kirişli saz gurallary üçin “Sýuita” eserini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallar orkestri ýerine ýetirdi. Orkestra Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Döwletgeldi Ökdirow dirižýorlyk etdi. Kompozitoryň sazlary aýdyň söýgini, joşgunly pelsepe oý-pikirlerine baý bolup, myhmanlaryň gyzgyn el-çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
       Dabara gatnaşan myhmanlar kompozitora döredijilik äleminde mundan beýläk hem uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
    Dabaranyň ahyrynda ýaş kompozitor bagtyýar türkmen halkymyzyň nurana geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.



Göwher AGAGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.





66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm