ÝÜREKLERIŇ BUÝSANJY


       Ynha bu gün meniň döredijilik ýolumda altyn harplar bilen ýazylan günleriň biri boldy. Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmak diňe bir sylag däl, eýsem-de ýüregime ylham berýän, öňümde täze maksatlary açýan belent jogapkärçilikdir. Bu baýrak meniň zähmetime berlen ýokary baha we geljekde has-da yhlasly işlemek üçin güýjüň çeşmesidir. 
     Bu üstünlik diňe bir meniň däl, eýsem-de maňa ýol görkezýän halypa mugallymlarymyň, goldaw berýän maşgalamyň we ynam bilen goldaýan jemgyýetimiziň hem paýydyr. Şol ynamy aklamak we öwezini dolmak bolsa meniň iň esasy borjumdyr. 
      Berlen bu sylag meni has jogapkärli, has öňdengörüjilikli we ýürekden işlemek üçin ruhlandyrýar. Ýaşlarymyzyň döredijilikde, ylmyň we beýleki ähli ugurlaryň öňe gitmegi - ýurdumyz üçin iň uly baýlykdyr. Men hem şol rowaçlygyň bir bölegi bolmaga, ähli mümkinçilikleri peýdalanyp, öz goşandymy goşmaga jan ederin. 
     Şeýle ajaýyp zamanany bize peşgeş berýän, asuda asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde giň mümkinçilikleri döredip, halkyny biz ýaşlary alada edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýaryn. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik we alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 


Humaý TOÝLYÝEWA, 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň V ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm