YLHAMYMYZ ARTDY
Watanymyzyň ýokary sylagy bolan Türkmenistanyň Ýaşlar Baýragy bilen sylaglanmagym meniň üçin aýratyn belent mertebedir. Men zehinimi we ukybymy milli saz sungatymyza bagyşlap, ýürekden we yhlasdan doly zähmet çekmäge ymtylyp gelýärin. Maňa şeýle sylagynyň berilmegi - şu ugrundaky tagallalaryma goýlan uly ynam, döredijilik işime berlen ýokary baha we geljekde has jogapkärçilikli işlemäge höwesdir. Truba saz guraly arkaly milli we dünýä klassyklarynyň eserlerini ýerine ýetirmek, halkymyzyň kalbyna saz arkaly ruhy täsir ýetirmek meniň iň uly maksadymdyr.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän döwletimiziň goldawy bolsa, ýaşlaryň döredijilik ýolunda erkini, güýjüni we ynamyny artdyrýar. Bu mertebeli sylag üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza watanymyza, mugallymlaryma, hem-de maňa hemişe goldaw berip gelen ähli adamlara çuňňur hoşallyk bildirýärin. Men mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekip, milli saz sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga dowam ederin.
Türkmenistanyň Ýaşlar Baýragynyň eýesi bolmak — meniň üçin uly buýsanç we jogapkärçilikdir. Bu ynama hemmetaraplaýyn mynasyp bolmak üçin öňümde goýlan maksatlara has-da berkarar gadamlar bilen ýöräp, eziz Watanymyzyň adyny belende galdyrmak wezipesini baş borjum edinjekdigime ynandyrýaryn.
Begenç ROZYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
hünäriniň V ýyl talyby.
