DÖREDIJILIGE RUHLANDYRDY


         Türkmenistanyň Ýaşlar Baýragy bilen goýulan ýokary ynamyň we hormatyň eýesi bolmak meniň üçin örän uly buýsançdyr. Milli aýdym-saz sungatymyza ygrarly ýaş dörediji hökmünde, maňa şeýle hormatly döwlet sylagynyň berilmegi — eden zähmetime, yhlasly gatnaşygyma berlen uly bahadyr.
        Bu sylag maňa geljekde-de has jogapkärçilikli işlemäge, öz ugrym boýunça täze belentliklere ymtylmaga güýç-kuwwat berýär. Aýdym-saz sungatyna bolan söýgümiň, döredijilige bolan hyjuwymyň döwlet derejesinde sylaglanmagy meniň üçin aýratyn buýsançdyr. Diňleýjilerimize ruhy lezzet paýlamak, milli mirasymyzy ýaşlarymyzyň ýüreklerine ýetirmek meniň döredijilik ýolumdaky esasy maksatlarymdan biridir. Bu sylagyň berilmeginde hyzmaty geçen mugallymlaryma, maňa goldaw berýän ähli adamlara uly hormat bilen minnetdarlygymy bildirýärin.
      Men Watanymyzyň sungatynyň ösüşine edýän goşandymy artdyrmak üçin yhlas bilen zähmet çekmegi dowam etdirerin. Türkmenistanyň döwletine bildirilen ynam, ýaşlara döredip berilýän mümkinçilikler hemme kişiniň ýüreginde buýsanç döredýär. Bu mertebeli baýragyň eýesi bolmak bolsa meniň üçin ýatdan çykmajak hormatdyr. 


Güljemal TAÝLYÝEWA,
 Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň
“Halk saz gurallary” hünäriniň V ýyl talyby




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm