ALKYŞLARYMYZ EGSILMEZ!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gözel watanymyz her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata watanymyz ýeňişlerden ýeňişlere barýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde maňa hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny almak bagty miýesser etdi. Çagalykda eden bu arzuwym şu günki günde hasyl boldy. Begenjimiň buýsanjymyň çägi ýok.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen medeniýetini sungatyny täzeden dikeldip berip biz talyp ýaşlaryň bu ugurda öňe gitmegine ähli şertleri döredip berdi. Ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp geljekde watanymyza halkymyza gerekli ýaşlar bolup, aýdymlarymyz-sazlarymyz bilen watanymyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy taryp ederis.
Selbinyýaz ATAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Saz mugallymçylygy” hünäriniň III ýyl talyby.