BITARAPLYK WASPYNDA


      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni diplomatiýasy hem parahatçylyk ýoly bilen halkara derejesinde dabaralanýar. Şonuň üçin hem şanly Bitaraplygymyzyň baýramyna bagyşlanýan dabaralar milli sungatymyzyň öwüşginleri bilen has-da joşgunly duýulýar. Şükür bagşynyň parahatçylyk owazlaryndan, dünýä ýaň salýan türkmen mukamlaryndan, halkymyzyň asudalyk hakyndaky ýürek arzuwlaryndan gözbaş alyp, häzirki wagtda abadançylyk ýörelgelerini wasp edýän türkmen sungaty baky Bitaraplygymyzyň waspyny ýetirýär. 
       2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy günlerinde Halkara Bitaraplyk güni, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestrynyň konserti geçirildi.
         Meýilnamasynda belli türkmen kompozitory Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň eserleri ýerleşdirilen dabaraly konsert diňleýjileriň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Ýokary joşguna eýe bolan bu konsertiň maksatnamasyndaky çykyşlara konserwatoriýanyň halypa mugallymy Nury Muhyýew, ýaş mugallym Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi Döwletmämmet Ökdirow, 5-nji ýyl talyp Kowus Bäşimow orkestra dirižýorlyk etdiler. Diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanýan aýdym-saz sungatynyň eserleri özboluşly ýakymy, rahatlyk we duýgy paýlaýan häsiýeti bilen konsert zalyny geljege we  durmuşa söýgi ruhunda gurşady. Munuň özi asudalyk bolanda owazlaryň has ýakymly eşidilýändigini, nirede parahatçylyk höküm sürende sazlaryň erkin ýaňlanyp, aýdymlaryň belent çykýandygyny alamatlandyrdy. 
       Ýerine ýetirilen eserlerden ussat kompozitoryň fortepiano we orkestr üçin konsert, “Maru-şahu jahan” atly 3-nji simfoniýasy diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy. Saz eserleriniň  ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi bolsa has-da buýsançly bellenilmeli işleriň biridir. Elbetde häzirki wagtda kämil halypalaryň mekdebinde kemala gelýän ýaş ýerine ýetirijileriň sanynyň artmagy, olaryň şeýle dabaralarda çykyş etmekleri parahatçylygyň täze waspçylarynyň ýetişýändigini alamatlandyrýar. 
       Taryhy zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlere iş saparlarynda sungat ussatlaryny hem alyp gitmegi, Türkmenistanyň medeniýet günleriniň dünýä döwletlerinde ýokary derejede geçirilmegi,  Bitarap ýurdumyzda halkara forumlaryň, medeni çäreleriň yzygiderli guralmagy bitaraplyk ýörelgesiniň diňe asudalyk we parahatçylyk döredijiligine eýedigini alamatlandyrýar. 
     Şeýle taryhy eýýamda, toýlarymyzyň halkara derejesinde bellenilýän günlerinde giň tomaşaçylar köpçüligine, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ruhy lezzet paýlan bu gezekki konsert hem il kalbynyň alkyşlary bilen utgaşyp Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini şöhratlandyrýan çykyşlar hem elçarpyşmalar bilen jemlendi. 





Öwezmyrat JANMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.






66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)






Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm