ŞAHYR ZENAN BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş, zehinli zenan şahyr Gülşirin Hanowa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Gülşirin Hanowanyň döredýän goşgulary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Birnäçe goşgulary aýdyma öwrülip, ýurdumyzyň ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şahyryň durmuş ýoly barada gysgaça aýtsak Gülşirin Hanowa 1987-nji ýylyň 2-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginde dünýä inýär. 2003-nji ýylda Mary etrabynyň 5-nji orta mekdebini tamamlaýar. Onuň ilkinji goşgular toplumy entek okuwçy döwründe «Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetinde çap bolup başlaýar. 2014-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Medeni köpçülik çäreleriniň guramaçysy», 2019-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeniýeti öwreniş, mugallym» hünäri boýunça okuwlary tamamlaýar. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyny tamamlaýar. Häzirki wagtda şol akademiýada mugallym bolup zähmet çekýär. Ýaş şahyr şu wagt hem özboluşly döredijilik ýoluny dowam edýär.
Döredijilik duşuşygynyň başynda Gülşirin Hanowa öz döredijilik ýoluna başlaýşy, halypalary baradaky ýatlamalary, goşgy düzüliş usullary barada ýaşlara gürrüň berdi. Soňra konserwatoriýanyň “Saz mugallymy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredow, şol hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow, “Kompozisiýa” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýläle Gulmyradowa öz düzen goşgularyny şahyra okap berdiler. Şahyr zenan talyplara şygyr düzmekde gerek bolan peýdaly maslahatlaryny berip, olara döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşyga gatnaşan talyplar bilen sorag-jogap, şahyryň okap beren goşgulary bilen duşuşyk dowam etdi.
Soňra şahyr zenanyň döreden “Eje”, “Aýal dogan”, “Mähriban Gyzym” ýaly goşgylary özüniň okamagynda diňleýjilere ýetirildi. Duşuşugyň dowamynda Gülşirin Hanowa 2020- nji ýylda çapdan “Uçup barýan ak durna” goşgular ýygyndysynda barada aýdyp, ondaky ýerleşdirilen dürli temalardaky goşgular, olaryň döreýşi barada gürrüň berdi.
Geçen gyzykly döredijilik duşuşygyny “Sazşynaslyk” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Gülnar Ataýewanyň gurnamagy we alyp barmagy, ýaşlaryň bilim alýan hünärlerinde kämilleşýändikleriniň subutnamasy boldy.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, şeýle döredijilik duşuşyklary geçirmäge uly-uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ogulgözel NIMETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
