ÜSTÜNLIGE TARAP ÄDIM
Durmuş - bu hemişe hereketde bolan ýol. Bu ýol käte tekiz, käte bolsa pesli-belentli bolýar. Emma her bir ýoluny maksatly, yhlasly we ynamly geçýän adam öz üstünligini döredýär. Adamzat ösüşe bolan ymtylyş bilen ýaşaýar. Her bir uly üstünlik kiçi bir ädimden başlanýar. Şol ilkinji ädimi ädýän adam bolsa, durmuşyň ýeňil däldigine garamazdan, öz öňüne niýet goýan, ýüreginde arzuw saklaýan şahsyýetdir.
Maksat - üstünligiň ýolbaşçysydyr. Üstünlik gazanmagyň ilkinji basgançagy maksatly bolmakdyr. Maksatsyz ýol – yşyksyz gijä meňzeýär. Maksat seni öňe alyp barýar, ýüregiňe güýç berýär. Ýokary okuw jaýda okaýan ýaşlar üçin bu düşünje aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi talyplyk döwri – adamyň geljegini gurýan döwürdir. Bu günki okan sapagyň, ýazan ylmy işiň, gatnaşan bäsleşigiň-ertirki üstünlikleriň binýady bolup biler.
Zähmet we sabyr – üstünlikleriň açarydyr. Hiç bir üstünlik zähmetsiz gelmeýär. Zähmet çekmän, ýeňiş gazanmak - tohum ekmän hasyl almaga çalşan ýalydyr.
Özüňe ynanmak – ýeňşiň ýarysydyr. Üstünlige tarap barýan ýol diňe akyl bilen däl, ýürek bilen hem geçilýär. Özüne ynanmaýan adam hiç haçan öňe gitmez. Özüňe bolan ynam diňe söz bilen däl-de, hereket bilen subut edilýär. Wagtyňy netijeli ulanmak, täze pikirleri öwrenmek, başgalaryň tejribesinden peýdalanmak - bularyň hemmesi ynamy berkidýär.
Üstünlik – diňe şahsy däl, jemgyýetçilik ähmiýetli hadysadyr. Her bir üstünlik, diňe seniň däl, jemgyýetiň üstünlikleridir. Ylmy açyş eden alym, döredijilik işi bilen tanalan kompozitor, täze taslamany döreden inžener — olaryň hersi ýurdunyň ösüşine goşant goşýar.
“Üstünlige tarap ädim” – diňe bir hereket däl, ol durmuş filosofiýasydyr. Her ädimde ynam, sabyr we yhlas bar. Her düşnüksiz pursatda “men başararyn” diýip, öňe gitmek - hakyky üstünlikdir. Türkmen halkynyň parasatly pähimleri “Zähmet – baýlygyň açarydyr”, “Başaran ýoly tapar” diýýär. Şonuň üçin biz hem şol pähimleri ýolbelet edinip, ähli mümkinçilikleri peýdalanalyň, döredeliň, ylmy, medeni we jemgyýetçilik işlerde öňdäki orunlary eýeleliň!
Üstünlige tarap ädim - bu diňe bir bäsleşikde ýeňiji bolmak däl. Bu – özüňi tapmak, ylmy, döredijiligi we zähmeti söýmek, ýurdumyzyň at-abraýyny ýokarlandyrmak ýoludyr. Her bir talyp – ertirki üstünligiň eýesidir. Şu günki her ädimimiz, biz ýaşlary beýik maksatlarymyza golaýlaşdyrýar!
Miýassar ULJAÝEWA,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniñ III ýyl talyby.

