Aýdym - sazyň syry
Saz adamlaryñ köpüsiniñ pikir edişi ýaly, güýmenje bolman, ol esasan duýgy-düşünjeleri sesler arkaly beýan etmek sungatydyr. Dünýä belli ylmy-barlag işlerini alyp baran Ž.Ž.Russonyñ pikirine görä, saz sesleri gulaga hoş ýakar ýaly tertipde jemlemekdir. Ymam Gazalynyñ pikirine göra bolsa saz, tebigy we adamy ylahy agzybirlige çagyrýan belent owazlardyr.
Sazyñ güýmenje serişdesi däl-de, ynsanyñ ruhy-wyždanyndan añ-düşünje dünýäsine çenli uzalyp gidýän aragatnaşyk ýoludygy belli bolandan soñ “Sazyñ bu aýratynlygyndan nähili peýdalanyp bileris?” diýen sowal ýüze çykdy. Ol birnäçe ylmy-barlagyñ geçirilmegine sebäp boldy.
Saz diñlemek we saz bilen meşgullanmagyñ peýdasynyñ derejesi dürli-dürlidir. Saz okuwçylaryñ ukyplylygyny, estetiki pikirlenişini ösdürýär. Saz we tertip-düzgün ýaly, zatlar okuwçynyň añyna ýuwaş-ýuwaşdan guýulýar. Mekdep ýaşyna ýeten çagalaryň çalt okamagy öwrenmegini saz bilen üpjün edip bolýar, ýazmakda we pikirlenmekde kynçylyk çekýän çagalaryň kynçylyklaryny saz bilen çözüp bolýar. Adamyň beýnisi ylmyň we tehnikanyñ şeýle ösendigine garamazdan, entek köp babatlarda öz syrlylygyny saklaýar.
Näme üçin käbir adamlar şertler deñ bolsa-da beýleki adamlardan has başarjañ? Näme üçin käbir çagalar bir zady beýlekilerden has çalt öwrenýärler?
Ylmy-barlagçylar şu soraglara jogap gözleýärler. Psihologlar çagalaryň öwreniş ukyplylygyny artdyrýan faktorlar bilen baglanyşykly täze açyş etdiler. Şol açyşa görä, saz öwrenmek prosesiniñ bir bölegidir. Hurwitz, Wolf, Botrnikl we Kokos atly dört sany psiholog sazyñ okamak ukyplylygyny artdyrýandygyny ýa-da artdyrmaýandygyny barlap gördüler. Olar okuwçylary iki topara böldiler. Birinji topara saz bilen baglanyşykly sapak berdiler. Ikinji topara bolsa şeýle sapak berilmedi. Bir ýyldan soň iki topar deñeşdirilip görlende ikinji topar 72%, birinji topar bolsa 88% netije görkezdi. Bu sazyñ öwrenmek ukyplylygyny artdyrýandygyny görkezdi. Başga bir barlag bolsa saza üşügi bolanlaryň okamagy has ir öwrenýändigini ýüze çykardy.
Sizde şeýle sorag döräp biler. Sazdan başga şeýle täsirli hiç hili çäre ýokmuka? Mohanti we Hežmadi atly iki psiholog bu soragyñ üstünde barlag geçirýärler. Olar sazdan beýleki çäreleriñ bilimi we öwrenmek ukyplylygyny ösdürmäge edýän täsirini barlap görýärler. Netijede, öwrenmek ukyplylygyny artdyrmakda täsiri iñ guýçli zadyň sazdygyna göz ýetirýärler.
Bu barlag sazyñ añ bilen baglanyşykly ukyplary-da artdyrýandygyny görkezdi. Dünýä belli Garward we Oksford uniwersitetlerinde geçirilen barlaglar has üýtgeşik netije berdi. Barlaglar saz bilen gyzyklanýan we saza üşügi bolanlaryň sapaklaryna has gowy ýetişýändigini görkezdi. Şol sebäpli käbir uniwersitetler talyp kabul edenlerinde olaryň saza gatnaşygyny hem soraýar.
Sazyñ hassalara şypa berýän taraplary bilen baglanyşykly ylmy-barlag işleri dowam etdirilýär. Saz arkaly bejermek birnäçe ugurda ulanylýar.
J.L.Edgerton sazyñ küýli, düňle çagalara edýän täsirini barlap görüpdir. Ol 6-9 ýaş arasyndaky akly kemis çagalaryñ 11-sine saz diñledipdir. Edgerton şol çagalaryň saza bolan ünsüni we gatnaşygyny ölçäpdir. Netijede, bejergide sazyñ täsiriniñ bardygyny ýüze çykarypdyr. Saz beýni dartgynlylygyny peseldilýän möhüm serişde hökmünde-de ulanylýar. Eger dartgynlylyk dowam eden ýagdaýynda gan basyşyň aşa ýokarlanmagy, ýara döremegi, deri keselleri, kellagry, damarlaryň gatamagy ýaly ölüm howply keselleriñ döremegine sebäp bolup bilýär. Amerikanyň psihologiýa jemgyýetiniñ geçiren pikir soraşmasyna görä, saz dartgynlylygy peseltmek üçin giñden ulanylýan usuldyr.
Belli bir döwür aralygynda Osmanly imperiýasynyň paýtagty bolan Edirne şäherinde hassalary saz bilen bejermek üçin «Daruş-Şifa» atly ýörite hassahana bolupdyr. Şol döwürlerde, ýagny orta asyrlarda Ýewropada akly üýtgän hassalar «içinde şeýtan bar» diýlip diriligine oda atylýarka, Edirnedäki bu merkezde akly üýtgän hassalar guşlaryň sesleri, suwuñ şyrryldysy bilen bejerilipdir.
- SAZ BILEN BEJERMEGIŇ PEÝDASY
- Saz adamyň ruhunda özgerişlikleriň bolmagyny üpjün edýär.
- Sosial gatnaşyklary güýçlendirýär.
- Sazyñ adam bedenine (käbir taraplary ylmy taýdan subut edilen, käbir taraplary bolsa indi subut edilmeli) fiziki tasiri bar.
- Saz adamynyň psihologiýasyna täsir edýär.
- Nerw sistemasynda dörän keselleri bejermekde fiziki bejeriş usuly hökmünde peýdalanylýar.
- BEJERGINIŇ GÖRNÜŞLERI
Aýdym: Dili agyrylary bejermekde, dem alşa gözegçilik etmekde, garrylarda huşsuzlygy bejermekde ulanylýar.
Saz çaldyrmak: Merkezi nerw sistemasy kadaly işlemeýän hassalary bejermekde ulanylýar. Ýekelikde ýa-da topar bolup saz çalmak özüñe bolan ynamy artdyrýar.
Ritm: Myşsalary gatanlary, bogunlary agyrýanlary bejermekde ulanylýar.
Saz diñlemek: Ünslüligi we huşuñy ösdürýär. Özüñe bolan ynamy artdyrýar.
Mahym MEDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
