Halypa mugallymyň talyplarynyň konserti geçirildi


      2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Muhammetçary Annamyradowyň talyplarynyň konserti geçirildi. 
     Halypa mugallym Muhammetçary Annamyradow ýurdumyzyň tanymal sazandalaryň biri. Ol Türkmenistanyň at gazanan artisti Halkara we döwlet bäsleşikleriniň ýeňijisi, “Watana bolan söýgüsi üçin” atly medalyň eýesi. Halypa birnäçe ýyllaryň dowamynda üflenip çalynýan saz gurallary hünärinden bilim berip ençeme şägirtleri ýetişdirdi.
Bu günki geçirilen konsertiň dowamynda mugallymyň şägirtleri türkmen we daşary ýurt professional kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen eserlerden 4-nji ýyl talyp Ogulbäbek Annamyradowa S.Rahmaninowyň “Wokaliz”, E.Grigiň “Anitranyň tansy”, 2-nji ýyl talyp Laçyn Annamämmedowa F. Amirowyň “Mugam” we “Söýgi tansy”, 2-nji ýyl talyp Goşly Dänäýew M. Musorgskiýiň “Gadymy gala”, W.Kuprewiçiň “Skersino”, 2-nji ýyl talyp Meýlis Annamuhammedow P.I.Çaýkowskiýiň “Noktýurn”, A. Agajykowyň “Ekspromt” eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy.
       “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Muhammetçary Annamyradowyň talyplarynyň konserti tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy alyndy. Tomaşaçylar halypa mugallyma mundan beýläk hem jogapkärli işinde  abraý bilen işlemekligini, halypa-şägitlik ýolunda üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdiler.
      Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, dünýäniň uly sahnalarynda çykyş etmekleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.


Zybagözel ORAZMUHAMMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
 Türkmen milli konserwatoriýasynyñ 
“Sazşynaslyk” hünäriniñ III ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm