TÜRKMENISTANYŇ HALK ŞAHYRY GARA SEÝITLIÝEWIŇ DOGLAN GÜNINIŇ 110 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝATLAMA KONSERTI
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň döredijiligi edebiýat äleminde, kino we teatr sungatynda hem görnükli yz goýandyr. Onuň şahyrana goşgy setirleriniň ussat kompozitorlaryň döredijiliginde orun alandygyny ýaňlanýan ajaýyp aýdymlar güwä geçýär. Şol şirin aýdymlar häzirki günlerimizde-de sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Halkymyz bu ýyl dramaturg, halk şahyry G. Seýitliýewiň doglan güniniň 110 ýyllyk toýuny dabara bilen belleýär. Şol şanly sene mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda-da ýatlama konserti geçirildi. Konsert şahyryň ömür döredijilik ýoly bilen tanyşdyrylmagy we arhiwden “Leýla” atly wideoşekilli ýazgy bilen açyldy.
Soňra Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri şahyr zenan Tuwakgül Gylyjowa söz berildi. Ol dramaturg şahyryň döredijilik älemindäki orny, eserleriniň sungat älemine eden täsiri hakda söz açdy.
Dabaranyň dowamynda Gara Seýitliýewiň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlandy. Ýagny, Türkmenistanyň at gazanan artisti A. Seýitkuliýewanyň ýerine ýetirmeginde “Ýaşlyk aýdymy”, “Enejan”, M. Magtymgulyýewiň ýerine ýetirmeginde “Şahyrym”, M. Goçmyradowyň ýerine ýetirmeginde “Görşeli”, konserwatoriýanyň 4-nji ýyl talyplarynyň , ýagny Ý. Ataýewiň ýerine ýetirmeginde “Daň şemaly”, “Hally Gözel”, E. Hallyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Zor oglan”, S. Kubyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Şat Watanyň aşygy” ýaly aýdymlar ýaňlandy.
Mundan başga-da bu dabaraly çärede “Balykçynyň aýdymy” atly arhiwden wideoşekilli ýazgy hem-de Ç. Ataýewanyň okamagynda “Adam we ýadygärlik”, “Ynsan köp ýaşasa”, “Ene ýüregi” ýaly şirin goşgy setirleri okaldy. Şanly dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti, halypa kompozitor Daňatar Hydyrowa söz berildi.
Jemleýji sözüni bolsa Gara Seýitliýewiň agtygy, Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri Ogulsona Seýitliýewa şahyryň döredijiligi hakda ýakymly gürrüňleri bilen tamamlady.
Şeýlelikde, şirin owazly aýdymdyr, goşgularyň bilen konsert örän gyzykly we dabaraly geçdi. Şunuň ýaly ýatlama konsertleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Arzygül ÝAGMYROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby.
