Däbe öwrülen hepdelik (“Kamera ansambly” kafedrasynyň hepdeligi)
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan eilen 2025-nji ýylymyzda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dürli derejeli konsertleriň, döredijilik duşuşyklarynyň, ylmy-amaly maslahatlaryň we halkara derejeli çäreleriň onlarçasy geçirildi. Ýokary okuw mekdemibizde her okuw ýylynda kafedralaryň hepdeliklerdäki yzygiderli geçirilýän çäreler hem talyp ýaşlaryň döredijilik we ýerine ýetrijilik başarnyklaryny açyp görkezmäge oňyn täsir edýär. Ýokary derejeli, täsirli kosertleri gurnamakda konserwatoriýanyň “Kamera ansambly” kafedrasynyň halypa mugallymlarynyň hem aýratyn paýy bar. Tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplar “Kamera ansambly” we “Sazandarlyk ussatlygy” derslerini özleşdirmek bilen milli sazlarymyzy we daşary ýurt saz sungatynyň iň gowy nusgalaryny ýerine ýetirmek başarnyklaryny ele alýarlar. Okuw sapaklarynyň dowamynda talyplarda döredijilikli işlemek, ansambl bolup ýerine ýetirmek endikleri terbiýelenýär. Okuw ýylynyň dowamynda geçrilýän yzygiderli konsertler bolsa talyplaryň ýerine ýetrijiliginde oňyn netijeler gazanmaga ýardam edýär. Kafedra müdiri M. Agaýewanyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň noýabr aýynyň 03-07-si aralygynda geçiriljek “Kamera ansambly” kafedrasynyň hepdeliginde hem kamera ansambly we sazandarlyk ussatlygy boýunça iň gowy ýerine ýetirijiler çykyş ederler.
3-nji noýabrda hepdeligiň açylyşy mynasybetli geçirilen dabara Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Açylyş dabarasynda W. Muhadowyň, N. Halmämmedowyň, K. Garowowyň şeýle-de dünýä belli daşary ýurt kompozitorlary W. A. Mosartyň, L. W. Bethoweniň, R. Şumanyň, A. Şnitkäniň, R. Ştrausyň, A. Rubinşteýniň, M. Musorgskiniň naýbaşy eserleri ýaňlandy. Hepdäniň dowamynda “Kamera ansambly” kafedrasynyň baýry mugallymlary S. Faramazowanyň, S. Kasparowanyň, S. Kimiň ýolbaşçylygynda gurnaljak konsertler hem özboluşly many-mazmuna eýe bolar. Mundan başga-da hepdeligiň dowamynda halypa mugallymlaryň birnäçesiniň açyk sapaklary meýilleşdirilýär. Şeýle-de 6-njy noýabrda Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli uly mugallymlar M. Agaýewanyň, M. Meredowanyň, I. Jorakulowyň talyplary Argadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinde çykyş ederler. “Kamera ansambly” kafedrasynyň uly mugallymy S. Faramazowanyň ýolbaşçylygynda I. S. Bahyň doglan güniniň 340 ýyllygy mynasybetli gurnaljak konsertde hem beýik kompozitoryň dürli žanrdaky döreden meşhur eserleri ýaňlanar.
Aýnur OTUZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Fortepiano” hünäriniň I ýyl talyby.
