Ajaýyp sazlar ýaňlandy
Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Döwlet simfoniki orkestrnyň hem-de Döwlet horunyň konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda belli rus kompozitory Pýotr Ilýiç Çaýkowskiýnyň eserleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Döwlet simfoniki orkestry hem-de Haýdar Eminowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet hory taýýarlan eserleri bilen diňleýjiler köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar. Konsert çykyşlarynyň içinden rus kompozitory P.Çaýkowskiýnyň “Garahal zenan”, “Çarodeýka” operalaryndan, “Guw köli” baletinden bölekleri has-da ýatda galyjy çykyşlar boldy.
Bu konsertde çykyş edenleriň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ussat mugallymlary Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitkulyýewa, Begenç Moşşyýew, Kakageldi Hojalekow dagylar gatnaşyp özleriniň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny görkezdiler. Kompozitoryň eserleri diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
Dünýä saz medeniýetiniň taryhynda beýik rus kompozitory Pýotr Ilýiç Çaýkowskiýniň döredijiligi uly meşhurlyga eýedir. Kompozitor ussat hökmünde XIX asyryň 60-70-nji ýyllarynda kemala gelýär. Onuň döredijiligi milli rus sazyny halkara derejesinde ykrar etmäge ýardam berýär.
P. I. Çaýkowskiý Moskwa konserwatoriýasynyň professory, saz tankydy we ýerine ýetirijilik işlerini alyp barýar, emma onuň durmuşynda esasy orny hemişe saz döredijilik işleri eýeleýär. Onuň döredijilik mirasynda söýgi temasy çuňňur mana eýedir, ol durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçýän nyşan hökmünde görkezilýär, şeýle-de durmuşyň wajyp wakalarynyň esaslaryny açyp görkezýän temalarda işleýär. Kompozitor ýaş wagty U. Şekspiriň, E. Danteniň, A. Puşkiniň döwrüniň mazmuny bilen bagly sýužetlerine ýüzlenipdir.
Geçirilen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýä saz medeniýetinde yz galdyran halypalaryň döredijilik ýoluny, eserlerini öwrenmek, ýokary derejelerde bilim almak babatynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Gülnar ATAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň II ýyl talyby.
