“Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly


      Ata Watanymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem däp bolşy ýaly her ýylyň oktýabr aýynda “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly geçirilýär. Bu festiwalda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň dürli hünärlerinde ýagny üflenip çalynýan saz gurallary, kirişli saz gurallary, fortepiano, estrada sungaty, türkmen sazy, bagşyçylyk sungaty hünärlerinde zähmet çekýän zehinli ýaş hünärmen mugallymlary gatnaşyp, öz zehinini we ussatlygyny görkezýärler. 
       Festiwalyň çäginde “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň ýaş mugallymlary B. Goşaýewiň we B. Dolyýewiň bilelikdäki konserti geçirildi. Konsertiň başynda B. Dolyýewiň klarnet saz guralynda ýerine ýetirmeginde A. Bazarowanyň sazandarlyk etmeginde italýan kompozitory  M.Manganiniň “Romanza”, fransuz kompozitory H. Rabaudyň “Solo  de Concours”, fransuz pianisti, kompozitory F.Pulenkiň Sonatasynyň 2-3-nji bölümleri ýaňlandy. Soňra Z.Jabarowanyň sazandarlyk etmeginde sowet we azerbaýjan estrada aýdymçysy, kompozitor, aktýor P. Bülbüloglunyň “Fialka”, M.Gnesiniň Poema, rus kompozitory, pianist, sowet organ mekdebini esaslandyryjysy A. Gedikeniň Konsert etýud, fransuz liriki opera žanryny esaslandyryjysy Ş. Gunonyň “Serenada” eserlerini B. Goşaýew truba saz guralynda ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Konsertde ýerine ýetirilen türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri diňleýjiler tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy alyndy.
      Bu konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlary hem gatnaşdylar. Halypalar öz geçen ýollary, gazanan üstünlikleri, üstünlik gazanmagyň inçe syrlary barada giňişleýin gyzykly gürrüňler, öwüt-ündewlerini berdiler. Edilen çykyşlar, halypalaryň öwüt-ündewdir, gyzykly gürrüňleri biz ýaşlaryň has hem kämilleşmeklige uly itergi berdi.
                                   



         Ogulbeg ÝEGENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.





66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)                                                                         





Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm