Sungatyň ýolunda: Konserwatoriýanyň mugallymlarynyň täsin çykyşlary
«Ösýän, özgerýän parasatly ýurdumyzda medeniýet we sungat älemine uly ähmiýet berilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hem aýdym-sazly konsert we festiwallar yzygiderli guralýar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl geçirilýän «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly aýdym-sazly festiwaly hem özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Bu täsin çäre, konserwatoriýanyň dürli ugurlaryndan tälim berýän ýaş mugallymlaryň özleriniň zehinini, ussatlygyny we döredijilik dünýäsini beýan etmekleri üçin giň mümkinçilik döredýär.»
Şu ýylky festiwalyň dowamynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Türkmen sazy» we «Saz mugallymçylygy» kafedralarynyň zehinli mugallymlary Işanmuhammet Gündogdyýewiň we Dörtguly Ataýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetiren konsert çykyşlary, diňleýjileriň kalbynda egsilmez ruhy lezzet döretdi. Olaryň saz sungatyna bagyş eden bu ajaýyp sowgady, festiwalyň şan-şöhratyny has-da artdyrdy.
Konsertiň başynda, «Türkmen sazy» kafedrasynyň ussat mugallymy Işanmuhammet Gündogdyýew, dutar sazynda ýerine ýetiren «Çoh derde goýan ýarym», «Nar agajy», «Ýyldyz dagy», «Burnaşak» ýaly kalba täsir ediji türkmen halk sazlary bilen tomaşaçylaryň ýürek dünýäsine täsir etdi. Mugallymyň dutarda çalan her bir notasy, her bir owadan melizmleri, halk sazlarynyň täsin owazyny has-da aýdyň görkezdi.
Bu ajaýyp çykyş bilen, Işanmuhammet Gündogdyýew türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli sazlarymyzyň täsin owazynyň täzelenmegine goşant goşdy. Dutaryň her bir telinden çykýan owaz, diňleýjileriň kalbynyň iň çuňňur künjeklerine ýetip, olara ruhy lezzet berdi. Mugallymyň ussatlygy bilen, halk sazlarynyň özboluşly owazy täsin bir täzelikde ýaňlandy.
«Saz mugallymçylygy» kafedrasynyň zehinli we ussat mugallymy Dörtguly Ataýew, öz gezeginde, Pürli Saryýewiň «Ýaşlyk joşguny» atly eserini hem-de «Dön göwnüm», «Goňurbaş mukamy», «Gökdepe mukamy» ýaly täsin türkmen halk sazlaryny ussatlarça ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň öňünde saz sungatynyň täze bir belentligini görkezdi. Dutarda ýerine ýetirilen her bir saz, diňleýjilere täsirli duýgular we ruhy lezzet berdi.
Konsert, saz gurallarynyň sazlaşykly saz çalmagynda Pürli Saryýewiň “Joşgun” we “Aýna” atly türkmen halk sazlarynyň täsirli we ussatlyk bilen ýerine ýetirilmeginde diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen tamamlandy. Bu çäre, ýaş sazanda mugallymlaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolup, olaryň tejribelerini artdyrmaga itergi berýär.
Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallarynyň we bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, ýaşlaryň zehinlerini açmaga we höweslerini artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär. Bu bolsa, olaryň sungat äleminde has-da ösmegine ýol açýar.
Ahmet JUMAKULYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby.
