“Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” saz festiwaly
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda indi birnäçe ýyl bäri “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly geçirilýär.
2025-2026-njy okuw ýylynyň oktýabr aýynda hem bu festiwal uly üstünlik bilen dowam etdi. Onda dürli kafedralarda zähmet çekýän ýaş mugallymlar bellenen meýilnama boýunça gyzykly konsertler berdiler. “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” saz festiwalynda ýaş hünärmen mugallymlar zehin-başarnyklaryny görkezýär. Golaýda şu festiwalyň çäginde “Kamera ansambly” kafedrasynyň mugallymy Selbi Hudaýberenowa we şol kafedranyň illýustratory Läle Arazdurdyýewa bilen bilelikdäki konserti geçirildi.
Konsertiň dowamynda Selbi Hudaýberenowanyň sazandarlyk etmeginde Läle Arazdurdyýewa türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň birnäçesini ýerine ýetirdi. Ýerine ýetirilen eserlerden G. Gendeliň “Flawiýa” operasyndan “Flawiýanyň ariýasy”, A. Rubinşteýniň “Demon” operasyndan “Tamaranyň romansy”, N. Halmämmedowyň “Neýläýin” we “Ýetişermikä ”, P. Çaýkowskiýniň “Garahal gelin” operasyndan “Lizanyň ariýasy”, W. Muhadowyň “Söýgülim gelýär” eserleri ýokary derejede ýaňlandy. Selbi Hudaýberenowanyň fortepiano saz guralynda ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň “Elegiki prelýudiýa we fuga”, “Dutaryň owazy”, I. S. Bahyň B-dur “Prelýudiýa we fuga” eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy. Hünärmen mugallymlaryň berýän konsertleri ýaşlaryň bu ugurda kämilleşmegine özüniň peýdaly netijelerini berýär.
Geçirilen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, öňe gitmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýläk rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen Milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
