Türkmenistanyň saz ylmy XXI asyrda: Taryh, Nazaryýet, Usulyýet» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi we Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilen bilelikde aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de doktorantlaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň saz ylmy XXI asyrda: Taryh, Nazaryýet, Usulyýet» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-maslahatyň esasy maksady ýagny XXI asyryň şertlerinde türkmen saz ylmynyň derwaýys meselelerini, ösüş mümkinçiliklerini we häzirki zaman gözleg usullaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Gatnaşyjylar esasan üç sany esasy ugur boýunça taryh: Türkmen sazynyň taryhy mirasyny öwrenmek, däp-dessurlaryň ornuna we olaryň häzirki zaman sungatyna täsirine täzeden seretmek; nazaryýet: Türkmen saz ylmynyň nazary esaslaryny ara alyp maslahatlaşmak, milli saz üçin täze terminologiýany işläp düzmek; usulyýet: Ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur bolan häzirki zaman okuw-usuly çemeleşmelerini hödürlemek durup geçdiler.
Maslahatyň dowamynda konserwatoriýanyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory S. Pürsiýew bu günki okuw-usuly maslahatyň ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi. Soňra “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A. Açylow «Rejep Rejebowyň "Ýartygulak" operasynyň taryhy we häzirki zaman usullarynyň utgaşdyrylmagy» atly temada çykyş edip, türkmen opera klassikasynyň görnükli eserlerini derňemek üçin täze garaýyşlary hödürledi.
“Kamera ansambly” kafedrasynyň uly mugallymy M. Meredowa «Türkmenistanda fortepiano biliminiň taryhy we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bu hünäriň dowam etdirilmegi» atly tema bilen çykyş edip, milli fortepiano mekdebiniň kemala gelmeginiň möhüm tapgyrlaryny beýan etdi.
Ýörite fortepiano kafedrasynyň mugallymy Enejan Nurýyewa «Nury Halmämmedowyň warisialy toplumlary» barada çykyş edip, onda kompozitor N.Halmämmedowyň fortepiano we kamera eserlerine ylmy seljerme berildi. Aýratyn hem kompozitoryň sonata we wariasiýa gurluşlaryň ulanmagynyň aýratynlyklaryna, şeýle hem onuň sazynyň türkmen halk sazy bilen ýakyn baglanyşygyna gönükdirildi.
“Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy Laçyn Hudaýberdiýewa bolsa «Mukamçy kompozitorlaryň eserlerinde kyýamat we nowaýy perdelerine esaslanan sazlary» atly temany ara alyp maslahatlaşdy.
Saz ylmyny beýleki gumanitar ylymlar bilen utgaşdyrmak meselelerine hem aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, Edebiýat we Milli Golýazmalar Institutynyň kiçi ylmy işgäri L. Seýytkulyýewa «Türkmen edebiýatynda edebi usullaryň öwreniliş taryhy» atly tema bilen çykyşy etdi. Çykyşynda edebi usullaryň (romantizm, realizm, modernizm) öwreniliş taryhyna we olaryň türkmen edebiýatynda sazşynaslyk taýdan seljerilişine seredildi.
Konserwatoriýanyň Saz etnografiki laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri A. Mämmetgulyýew bolsa «Bagşyçylykda aýdym-saz sungaty» atly milli sazyň esasy görnüşine bagyşlanan meselesini gozgady. Çykyşyň dowamynda bagşyçylyk sungatynyň milli ruhy mirasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtady.
Maslahat “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň müdiri G. Saryýew “Hajygolak” sazy türkmen aýdym-saz sungatynda” atly çykyşy bilen jemledi.
Bu okuw-usuly maslahaty bilim we tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrülip, türkmen saz medeniýetine bolan ýokary ylmy gyzyklanmany tassyklady. Hödürlenen ylmy işler häzirki zaman saz ylmynyň we ylmy-gözleg usulyýetiniň möhüm ýörelgelerini görkezdi, ýaş alymlaryň geljekki dissertasiýa taslamalary üçin esas döretdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen aýdym-saz sungatyny ylmy derejelerde öwrenmeklik üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Jennet ORAZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen mili konserwatoriýasynyň
aspiranturasyna dalaşgär.
