Türkmenistanyň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar


      Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden taryhy çykyşynyň ähmiýeti dogrusynda maslahat geçirildi.
Amerikanyň Birleşen ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji günine gatnaşdy we çykyş etdi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär. Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas goýujy taglymatdyr. 
Geçirilen maslahatyň dowamynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy G.Otuzowa, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G.Ataýewa, uly ylmy işgär A.Mämmetgulyýew, “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymy D.Ataýew, “Estrada sungaty” hünäriniň 3-nji ýyl talyby M.Käbeýewa çykyş etdiler. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşynyň taryhy ähmiýeti barada hem-de birnäçe halkara ähmiýetli, umumadamzat bähbitli teklipleri öňe sürendigi hakynda bellediler. Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň dowamynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly kararnamanyň taslamasyna seredilmegini teklip edendigi hakynda hem çykyş edenler bellediler. 
Maslahatyň dowamynda konserwatoriýanyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde watanymyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan belent tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlara uly orun berildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.   

 Dinara DAWLETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby/




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm