“Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary – ählumumy abadançylygyň bähbidine” atly maslahat geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisinde eden çykyşyny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky baş drama teatrynda “Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary – ählumumy abadançylygyň bähbidine” atly maslahat geçirildi. Maslahata edebiýat, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri we habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar. Sahna ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly sahna bilen açylan bu maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň adamzat medeniýetinde halkara parahatçylyk medeni taglymaty öňe sürýändigini wagyz etmäge gönükdirilendir. Halk arasynda “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýip, aýdylýan aýtgydan ugur alan döredijilik işgärleriniň ählisi çuňňur mazmunly çykyşlarynda Prezidentimiziň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary dogrusynda durup geçdiler. Estrada ýyldyzlarynyň parahat, asuda ýurdumyzyň waspyny beýan edýän aýdymlary bolsa çärä aýratyn many-mazmun berdi.
Bu çäre Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dürli kafedralarynda zähmet çekýän mugallymlary hem gatnaşdylar. Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty K. Ýowbasarow halklaryň arasynda parahatçylygy üpjün etmekde milli aýdym-saz mirasyň orny hakynda çykyş etdi. Milli Liderimiziň “Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabynda aýdylan pelsepewi jümlelerden dürli mysallar arkaly eden mazmunly çykyşynda inçe aýdym-saz sungatynyň türkmen halkynyň aýrylmaz hemrasydygyny dellilendirdi.
Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.
Gülnabat ATAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy.
