Baýraklarňyz gutly bolsun!


      “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda watanymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary we zähmet işgärlerini ýüze çykarmak maksady esasynda uly çäreler we bäsleşikler geçirilýär.
      Ýakynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlendi we baýraklar bilen sylaglanyldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň çekýän ajaýyp zähmetleri üçin ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly baha berilýär.
      Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji 19-njy sentýabrynda çykaran 1523-nji karary bilen edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilen “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýlip Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymlary Maýa Orazberdiýewa we Dörtguly Ataýew yglan edildiler.
       Bu şatlykly pursatdan peýdalanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymlary, “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileri, medeniýet we sungat işgärlerine döretmäge we zähmet çekmäge berilýän ähli mümkinçilikleri, çeken zähmetine şeýle uly baha berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny we ýürek buýsançlaryny aýtdylar.
       “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňijileri Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza medeniýet, sungat işgärleriniň çekýän zähmeti barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzda ylmy ösdürmekde hemmetaraplaýyn gerekli işleri alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. 
        Biz ýaşlar hem şeýle ajaýyp günde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli öz mugallymlarymyzyň çekýän zähmetine şeýle uly baha berip, biz ýaşlara okamana, döretmäne şeýle uly mümkinçilikleri berýän Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sagbolsunymyzy aýdyp, ýurdumyza Ata Watanymyza wepaly, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişjekdigimize söz berýäris. Goý, Milli Liderimiz alym Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.




Arzuw AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm