“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäresi


        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir raýatyň asuda, abadan durmuşyny, ýaşlaryň berk bedenli we sagdyn durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň sany barha köpelýär. Esasanda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny üstünlikli durmuşa geçirilýär we her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar we çäreler yzygiderli geçirilýär. 
           Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly talyp ýaşlaryň arasynda özboluşly täsirli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän biz ýaşlar üçin edilýän aladalaryň biridir. Bu geçirilen wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Mejlisiň Ylym bilim medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Nepes Rozyýew, TIIM-niň PÝGM-niň 4-nji bölüminiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň podpolkownigy Juma Pygyýew, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory 1-nji derejeli ýurist Allamyrat Amandurdyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şaheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň başlygy Nurmuhammet Döwletow we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar we özleriniň çykyşlary bilen dowam etdiler. Myhmanlaryň gyzykly beren gürrüňleri mugallymlarda we biz talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
          Wagyz-nesihat çäresi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Otuzowanyň taýýarlan çykyşy we biz ýaşlara berlen wagyz-nesihatlary üçin çykyş eden myhmanlara minnetdarlyk sözleri bilen tamamlandy.
        Biz ýaşlara şeýle bagtly durmuşda okamana, döretmäge, ýaşamana ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, ýurt bähbitli döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny, nurana ýollarymyzda hereketiň sazlaşykly bolmagyny arzuw edýäris.



Arzuw AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm