1-nji sentýabr – Talyp ýaşlaryň bagtyýar baýramy


      Her ýylyň 1-nji sentýabry ýurdumyzda giňden bellenilýän aýratyn ähmiýetli günleriň biridir. Bu gün täze okuw ýylynyň başlanýan güni, mugallymlaryň zähmetine goýulýan sarpanyň hem-de ýaşlaryň täze bilimlere, täze maksada tarap açylýan ýolunyň dabarasydyr. 
      Ähli ýokary okuw jaýlarynda däp bolşy ýaly, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem 1-nji sentýabr güni ir säherden dabaralara badalga berildi. Talyp ýaşlaryň Döwlet senasyny ýerine ýetirmeginde 1-nji sentýabryň ilkinji ädimleri başlady. Dabarada ýokary okuw mekdebiniñ rektory R. Amangeldiýew şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O. Berdiliýewa 1-nji ýyl talyplary gutladylar. Myhman hormatly Prezidentimiziñ "Bilimler we talyp ýaşlar güni" mynasybetli iberen gutlagyny dabara gatnaşyjylara okap berdi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziñ gutlagy dabara gatnaşyjylara we ýokary okuw jaýyna ilkiji ädim basýan 1-nji ýyl talyplara  uly baýramçylyk sowgady boldy. Soñra komserwatoriýanyñ halypalary  Türkmenistanyň halk artisti, uly mugallym Ş. Hojaýewa we Türkmenistanyň halk bagşysy R. Begenjow ýaş talyplara özleriniň ýüreginde beslän arzuwlaryny aýdyp, olara geljekde özleriniň saýlap-seçen kärleriniň eýesi bolmagyny arzuw etdiler. 
      Soňra ýaş talyplar Ýaşyl tugumyza tagzym edip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna ilkinji ädimlerini ätdiler we ilkinji okuw sapaga ugur aldylar.
      Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly ilkinji okuw sapagy geçirildi. Bu sapagy Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, uly mugallym G. Aýnazarowa alyp bardy. Ol ilki bilen ýaş talyplary we mugallymlary Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli tüýs ýüreginden gutlag sözlerini beýan etdi. 
    Soňra uly mugallym Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamalary, Konsepsiýalary, barada, ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylmagy we mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, orta mekdepler, hünär mekdepleri we ýokary okuw jaýlary täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy barada şeýle-de, okuw jaýlarynyň gurluşygy, täze binalaryň açylmagy, döwrebap okuw gollanmalarynyň taýýarlanylmagy ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, hünärli bolmagyny üpjün edilmegi barada aýdyp geçdi.
      Soňky ýyllarda kabul edilen sanly ulgam konsepsiýasy ýurdumyzyň bilim ulgamyny täze belentliklere göterdi. Okuw jaýlarynda sanly synp otaglary, elektron kitaphanalar, onlaýn sapaklar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýaşlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä derejesindäki ylym-bilim çeşmelerinden peýdalanmaklaryna şert döredýär. Şeýle-de, okuwçylaryň we talyplaryň döredijilik işlerine, ylmy gözleglerine aýratyn üns berilýär. Multimediýa serişdeleriniň giňden ulanylmagy, elektron resminamalar, innowasion taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösmeklerine ýardam edýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyndaky ösüşleriň möhüm bölegi hem halkara hyzmatdaşlykdyr. Ýokary okuw jaýlary dünýäniň abraýly uniwersitetleri bilen gatnaşyklar saklaýarlar. Bu gatnaşyklar arkaly bilelikdäki okuw maksatnamalary, bilim alyşmalar we ylmy barlaglar üstünlikli amala aşyrylýar. 
       Ilkinji okuw sapagynyň dowamynda G. Aýnazarowa, ýaşlaryň ykdysady, telekeçilik we dolandyryş boýunça döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilendigi we şol mümkinçilikleriň iň ähmiýetlileriniň biri hem Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagydyr diýip belledi. Ol: “Uniwersitetiň maksady – ýaşlary dünýä bazarynyň şertlerine laýyklykda taýýarlamak, olara sanly ykdysadyýet, telekeçilik işini dolandyrmak, halkara gatnaşyklary we häzirki zaman menejmenti boýunça giň bilim bermekdir” diýip nygtady.
    2025-nji ýyl dünýäde BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli möhüm halkara çäreleriň geçirilýän ýyly boldy. Bu sene dünýä derejesinde parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň dabaralanýan döwri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle-de, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji forumy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şeýle forumlar ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrýar, geljekki syýahatçylyk, ylym - bilim we ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalary üçin binýady döredýär diýip giňişleýin gürrüň berdi. 
     Soňra uly mugallym BMG-niň 80 ýyllygy we Awazada geçirilen forum ýaşlar üçin hem giň mümkinçilikleri açanlygy, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy – dünýäde parahatçylygyň nyşany Türkmenistan garaşsyzlygyny alaly bäri dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýandygy, ýurdumyzyň saýlap alan syýasy ýoly – hemişelik Bitaraplyk dünýä jemgyýetçiliginde giňden tanalyp, aýratyn halkara hukuk derejesine eýe bolandygy barada aýtdy.
      Alyp baryjy uly mugallym G. Aýnazarowa bu gezek sözini ýaş nesliň döwrebap terbiýesi we ruhy taýdan kämilleşmegi beýik şahsyýetleriň eserleriniň ähmiýeti örän ulydygy barada aýdyp geçdi. Şol nukdaýnazardan, hormatly Gahryman Arkadagymyzyň kalbyňdan süzülip çykarylan kitaplary halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň ýol-ýörelgesine öwrüldigi barada, Arkadagymyzyň kitaplarynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, asylly däp-dessurlary we dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahlak gymmatlyklary giňden beýan edilýändigi hakda aýtdy.
       Ilkinji okuw sapagynyň jemini  uly mugallym G. Aýnazarowa talyp ýaşlara “Bu gün diňe bir täze okuw ýylynyň başlanýan güni bolman, eýsem, size täze maksatlara, ylmy üstünliklere we döredijilikli taslamalara tarap açylýan ýoluň başlanmagy bolup durýar” diýip  gutlag sözlerini beýan etdi. Şeýle-de ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlary aýdyp, olaryň il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar arzuw etdi. 



Humaý TOÝLYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň V ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm