“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”
Täze taryhy döwrümizde parahatçylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan gözel Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde medeni çäreler, sungat festiwallary, forumlar yzygiderli geçirilýär. 15-nji awgustda P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa Döwlet konserwatoriýasynda “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly konsertiň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmenistan döwletimiziň hem-de Russiýa Federasiýasynyň sungat wekilleri tarapyndan bilelikde gurnalan bu konsert iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Konsertde meýilleşdirilen çykyşlar üçin taýýarlyk işleri iki döwletiň hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly depginde alnyp baryldy. Bu ugurda türkmenistanly sazandalar Gurbanmyrat Baýjykow (gyjak), Aýlar Botaýarowa (skripka), Bahram Dolyýew (skripka), Elman Nasyrow (alt), Kakageldi Hojalekow (wiolonçel) we Laçyn Hudaýberdiýewa (dutar) dagylaryň irginsiz zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Taslamanyň çäginde aýratyn täsirli pursatlaryň biri Gurbanmyrat Baýjykowyň we Laçyn Hudaýberdiýewanyň konserwatoriýanyň mugallymlary bilen geçiren duşuşygy boldy. Ol ýerde sazandalar türkmeniň milli saz gurallary bolan gyjagyň we dutaryň ýasalyş hem-de akustik aýratynlyklary barada çykyş etdiler. Sungat ussatlary çykyşynyň dowamynda türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirip, milli äheňlerimiz bilen diňleýjileri özlerine maýyl etdiler. Şeýle-de bu duşuşyga Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Ýelena Osipowa hem gatnaşyp, ýurdumyzyň saz mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde hem-de dünýä tanatmakda uly goşant goşdy.
Taýýarlyk işleriniň dowamynda Ýelena Osipowa bilen Ýewgeniý Wolkowyň “XX asyr rus we türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde “Kiçi” we “Uly” Watanyň keşbi” atly başga bir ähmiýetli leksiýasy hem geçirildi. Bu çäre medeni dialogyň ajaýyp nusgasyna öwrülip, iki ýurduň saz mirasynda umumy gymmatlyklary we meňzeşlikleri açyp görkezdi.
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” ady bilen geçirilen konsert türkmen hem rus kompozitorlarynyň döredijiliginden görnükli nusgalary özünde jemledi. Bu ýerde aýratyn hem meşhur türkmen kompozitory N. Halmämmedowyň kamera-wokal hem-de kamera-instrumental žanrda döreden ençeme eserleri ýaňlandy. Olardan Darýa Guseýnowanyň ýerine ýetirmeginde “Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary” wokal toplumyndan “Säher sowugy”, “Kanareýka” aýdymlary, “Aýgytly ädim” kinofilminden Aýnanyň balladasy, A. Botaýarowanyň (skripka), B. Dolyýewiň (skripka), E. Nasyrowyň (alt), K. Hojalekowyň ýerine ýetirmeginde “Faşistik zyndanda gynalan aýallaryň hem-de çagalaryň hatyrasynda” kirişli kwarteti, L. Hudaýberdiýewanyň ýerine ýetirmeginde “Şükür bagşy” kinofilminden dutarda ýaňlanýan meşhur sazy diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi. Ç. Nurymowyň “Döwranyň başdan geçirmeleri” kinofilminden söýlüp diňlenilýän “Döwranyň aýdymy” bolsa Dariý Guseýnowyň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.
Çykyşlaryň dowamynda konserte gatnaşyjylar “Nergiz”, “Gaşly ýar” ýaly türkmen halk sazynyň görnükli nusgalary bilen tanyş boldular. G. Baýjykowyň gyjak saz guralynda ussatlygy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
Bular bilen bir hatarda konsertde rus kompozitorlarynyň meşhur eserleri, operalardan parçalar, şeýle-de rus halk aýdym-sazlarynyň görnükli nusgalary hem ýaňlandy. Olardan esasan M. Guseýnowyň dürli žanrda döreden ajaýyp aýdymdyr sazlary awtoryň fortepianoda ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tomaşaçylary özüne maýyl etdi.
Zehinli aýdymçy-sazandalaryň görkezen ussatlyklary, irginsiz zähmeti bilen iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen gurnalan konsert uly şatlyk-şowhuna beslendi.
Jeýran JORAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň V ýyl talyby.
