Talyplyk joşguny bilen ýurdumyzy taryplarys
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatymyzyň ösüşleri barha ilerleýär. Beýleki talyp deň-duşlarym bilen birlikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby bolmak bagtyna eýe bolandygyma begenjimiň çägi ýok. Saz sungatyna bolan höwes mende çagalygymdan başlapdy. Maňa 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn-asyry” atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym aýdym-saz älemine has içgin aralaşmaga, bu hünäri ykbalyma öwürmäge itergi berdi. Geljekde gowy okap, ussat halypalaryň döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirjekdigime söz berýärin. Günsaýyn ösýän, özgerýän diýarymyzda biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döwrebap bilim almaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtly talyp kalbymdan sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Aýmyrat BERDIÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
1-nji ýyl talyby
