Bagtyýar döwrüň talyby


      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallasy bilen milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza uly sarpa goýulýar. Men aýdym-saz älemine içgin aralaşmagy çagalygymdan arzuw edýärdim. “Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz” diýlişi ýaly, meniň hem arzuwym ýokary saz bilimini berýän okuw mekdebi bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okamakdy. Arzuwlaryň amala aşýan ýurdy bolan eziz Diýarymyzda meniň hem arzuwym hasyl boldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilen 2025-nji ýylda maňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Biz – ýaşlaryň arzuwyny amala aşyrýan mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Milli aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýjak, hormatly Prezidentimiziň bildirýän belent ynamyna mynasyp hünärmen bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.




Joşgun MÄTGELDIÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
1-nji ýyl talyby.


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm