Sungatyň täze menzillerine tarap
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen biz ýaşlara döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi kalbyňy joşa getirýär. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn-asyry” atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän “Çalsana bagşy” atly bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň şaserpaýy bilen sylaglanmagym, 2025-nji ýylda bolsa, “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşikde II orna mynasyp bolmagym meni has-da buýsandyrdy. 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby bolmak bagtyna eýe bolmagym başymy göge ýetirýär. Saýlap alan hünärim boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak bagty maňa hem nesip etdi. Hormatly Prezidentimiziň arzuwlary hasyl edýän zamanasynda ýaşaýandygymyza diýseň begenýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyny ödäp, aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, milli medeniýetimizi we sungatymyzy has ýokary derejelere göterjek hünärmenler bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!
Dawut GULBAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
1-nji ýyl talyby.
