Ýaşlygymyň iň bagtly pursaty
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ençeme bagtyýar ýaşlary bilen bir hatarda maňa hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyby bolmak miýesser etdi. Ýurdumyzda biz ýaşlara döwrebap ylym-bilim almaga giň mümkinçilikler döredilip berilýär. “Bilimli uçar – bilimsiz gaçar” diýen pähim-parasatdan ugur alyp ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe bäsleşiklere şeýle hem halkara bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdym. 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Respublikasy tarapyndan Halkara “Музыкальный сезон лето” atly halkara bäsleşiginde III orna, “Ýaşlyk mukamy” atly bäsleşikde II orna we 2025-nji ýylda bolsa, “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşikde III orna mynasyp boldym.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda biz ýaşlar üçin döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp öz kärimiziň ussatlary bolup ýetişmek üçin ähli başarnyklarymyzy gaýgyrmarys. Biz – ýaşlaryň okamagy, hünär eýesi bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Leýli GARÝAGDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
1-nji ýyl talyby.
