Çagalyk arzuwlarymyň wysalyna gowuşdym


      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda täze sepgitlere ýetilýär. Çagalygymdan aýdym-saza bolan höwesim meni Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda fortepiano hünäri boýunça okamagyma getirdi. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlaryň halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin döwlet derejesinde mümkinçilikler döredilip berilýär. Mekdepde okan ýyllarym Russiýada, Azerbaýjanda, Gyrgyzystanda geçirilen dürli derejeli halkara bäsleşiklerine gatnaşyp baýrakly orunlary eýelemek miýesser etdi. Her adamynyň öňünde maksat edinýän arzuwy bolşy ýaly meniň hem çagalygymda uly arzuwymyň biri aýdym-saz sungaty boýunça ýokary bilim ojagy bolan Maýa Kulyýwa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby bolmak arzuwydy. Men bu arzuwyma Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp zamanasynda ýetendigime çäksiz buýsanýaryn. Geljekde bu ýokary okuw mekdebiniň halypa, professor mugallymlaryndan sungatyň inçe syrlaryny öwrenip, saýlap alan hünärimden ýokary derejelere ýetjekdigimi ynandyrmak isleýärin.
       Biz ýaşlara ýokary derejede bilim almaga, döredijilik başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen aýdym-sazy dünýä ýaň salsyn!  



Aýnur OTUZOWA, 
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
1-nji ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm