“Şasenem-Garyp” operasy ýokary derejede sahnalaşdyryldy


       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen medeniýetini hem sungatyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenip geçilmegi bu ugurda alnyp barylýan düýpli işleriň aýdyň şaýady bolup durýar.  Her ýyl gözel Diýarymyzyň bir sebitinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi sungatyň hem döredijiligiň baýramy bolmak bilen, täze taryhy döwrümizde-de uly many-mazmuna eýe boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni dabaraly çäreler bilen utgaşýar. Medeni forumyň çäginde alnyp barylýan bu çäreler bolsa, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna bagyşlanýar. Munuň bilen baglylykda döredijilik çäresiniň üçünji gününde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Şasenem-Garyp” operasynyň sahnalaşdyrylmagy möhüm wakalaryň biri bolup durýar. 
Bilşimiz ýaly, halk dessanynyň sýužetine esaslanýan bu opera türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleri bolan Daňatar Öwezowyň hem-de Adrian Şapoşnikowyň döredijilikli zähmetiniň miweleridir. Onda söýgi, dostluk, birek-birege hormat goýmak ýaly möhüm ahlak sypatlary, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli medeni mirasy, däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Şeýle çuň mazmunly alamatlar medeniýet hem sungat ussatlary tarapyndan inçelik bilen janlandyrylyp, saz muşdaklarynyň dykgatyna ýetirildi. Munuň bilen baglylykda uly depginde alnyp barlan taýýarlyk işlerinde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, medeniýet hem sungat işgärleri, aýratyn hem bilim ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary hem talyplary özleriniň mynasyp goşandyny goşdular. 
    Operanyň üstünlikli sahnalaşdyrylmagynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri,  režissýor Aýnazar Batyrowyň baý tejribesi hem-de yhlasly zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sahnada eseriň baş gahrymanlary bolan Şasenemiň keşbini janlandyrmakda Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa, Garybyň keşbini janlandyrmakda Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Ezberhojanyň keşbini janlandyrmakda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew dagylar özleriniň ýokary derejeli ussatlyklaryny görkezdiler. Bular bilen bir hatarda Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Bibijemal Amanowa, Aman Amanow, Didar Sarykow, Begdurdy Çerkezow dagylar hem janlandyran keşplerinde ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tomaşaçylarda uly täsir döretdiler. Sazly sahnalar Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde simfoniki orkestriň sazandarlygy bilen uly şowhuna eýe boldy.
        Umuman, türkmen medeniýetiniň hem sungatynyň millilik alamatlaryny özünde jemleýän bu eseriň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sahnalaşdyrylmagy uly üstünliklere beslendi. Şeýle ajaýyp zamanada aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde uly tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara  beslensin!



Jeýran JORAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
"Sazşynaslyk" hünäriniň IV talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm