“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly medeni aň-bilim çäresi geçirildi


     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňişleýin öwrenmäge hem-de onuň belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän çuň mazmunly şygyrlaryny halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň ýol açdy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary we uly tagallary bilen türkmen nusgawy edebiýatyna hem-de türkmen jemgyýetiniň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine we baýlaşmagyna uly goşant goşan ynsanperwerlik, watançylyk ruhly söz gudratyny döreden akyldar şahyry bu gün bütin dünýä tanaýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga püre pür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy»
     Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly medeni aň-bilim çäresi geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary daşary ýurt dillerinde taýýarlan çykyşlary bilen işjeň gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda iňlis, rus we nemes dillerinde edilen çykyşlar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. 
    Şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren, halkymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!



Şeker KULIÝEWA,
 Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” 
kafedrasynyň mugallymy.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm