Halkara üstünligimiz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi, mynasyp kesp-käre eýe bolmagy, döredijilikli hem yhlasly zähmet çekmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Olara halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde ylmy-amaly maslahatlarda, konsertlerde, sungat festiwallarynda yzygiderli çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaňy ýakynda hem N. A. Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburg konserwatoriýasy tarapyndan okuwçylaryň, talyplaryň, aspirantlaryň “Etnosazşynaslyk: taryh, nazaryýet, tejribe” ylmy işleriniň XIV Halkara bäsleşigi geçirildi. Oňa dünýä döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistan döwletimizden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okaýan talyplar hem gatnaşdylar. Bu bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady bolsa, talyplary ylmy-gözleg işlerine çekmekden, ylmy işleri taýýarlamak arkaly olaryň işjeňligini goldamakdan, bilim derejesiniň hilini ýokarlandyrmakdan, etnosazşynaslyk ugry boýunça işgärleri taýýarlamagyň köp derejeli ulgamyny ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle-de onuň nobatdaky sany Sankt-Peterburg döwlet konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlandy.
Eýýäm ençeme ýyl bäri däbe öwrülen bu bäsleşikde türkmen ýaşlary yzygiderli çykyş edip, her ýyl hem baýrakly orunlara eýe bolup gelýärler. Bu buýsançly wakany bäsleşigiň başynda Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň professorlary hem aýratyn nygtap, Türkmen milli konserwatoriýasyna minnetdarlyk bildirdiler. Munuň bilen baglylykda “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy B. Ýakubowa söz berildi.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 1-inden maý aýynyň 20-sne çenli wagt aralygynda iki tapgyrda geçirildi. “Sazşynaslyk” hünärinde okaýan talyplar özleriniň irginsiz gözlegleri hem-de zähmeti bilen biri-birinden gyzykly ylmy işleri taýýarlap, bäsleşikde aýratyn tapawutlandylar. Ondaky çykyşlaryň temalary türkmen halk saz döredijiligi, bagşyçylyk sungaty bilen bagly boldy. Zehinli ýaşlaryň yhlasly zähmeti bäsleşikde öz mynasyp ornuny gazandy. Olardan 4-nji ýyl talyplar S. Sähedowa, H. Amanowa dagylar diploma, H. Akmyradowa III orna, 3-nji ýyl talyp A. Ýaňgyýewa hem-de 5-nji ýyl talyp K. Ýowbasarow dagylar II orna mynasyp boldular. Bular bilen bir ylmy ýolbaşçylar hökmünde “Sazyň taryhy” kafedrasynyň mugallymlary J. Gurbanowa, B. Ýakubowa, G. Magtymgulyýewa, R. Muhammedow, G. Ataýewa dagylaryň zähmeti hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Pursatdan peýdalanyp, biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Jeýran JORAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.
