Ýaş alymlaryň gazanan üstünligi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watanymyza, halkymyza wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistan döwletimizde birnäçe işler amala aşyrylýar. 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2025-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri yglan edildi we degişli baýraklar bilen sylaglanyldy.
Ýaş alymlaryň çekeleşikli geçirilen bäsleşiginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Hojanazarowa özüniň “Söýli halan” we “Kiçi” türkmen halk dutar sazlarynda ýerine ýetirijilik sungatynyň aýratynlyklary” atly ylmy işi bilen şu bäsleşikde II orna, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň “Aýdym, dirižorlyk we saz mugallymçylygy” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow hem “Nejep oglan dessany aýdym-saz sungatynda” atly ylmy işi bilen gatnaşyp III baýrakly orna mynasyp boldular. Ýaşlara ýylmy işi ýazmaklykda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çaryýar Jumaýew ýolbaşçylyk etdi.
Ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesiller barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzda ylmy ösdürmekde hemmetaraplaýyn gerekli işleri alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Ýaşlaryň şeýle ylmy işler boýunça zehinlerini açmakda, öz hünärlerinden öňdebaryjy bolup ýetişmeklerinde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin milli Liderimiz alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz soňsuzdyr
ARZUW AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
