Okuw-usuly maslahaty geçirildi


    2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeligi başlandy. Hepdeligiň ilkinji gününde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Arkadag şäher Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölümleriniň bilelikde gurnamagynda okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi. 
Okuw-usuly maslahatyň barşynda çykyş edenler “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 07.03.2022ý. senedäki № 77 buýrugynyň esasynda Ýokary we  orta hünär okuw mekdepleriniň bilim boýunça özara hyzmatdaşlygyny üpjün etmek hakyndaky buýrugynyň ýerine ýetirilişi” barada alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda konserwatoriýanyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Zülfiýa Jumagulyýewanyň “Ýyllyk işlerini ýazmagyň talaplary we usullary”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ý.P.Osipowanyň “Solfejio” we “Garmoniýa” derslerini okatmakda usuly görkezmeler”, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Elmira Öweniýazowanyň “Saz nazaryýet derslerini okatmakda ýüze çykýan kynçylyklaryň üstünde işlemegiň usullary”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň halypa mugallymy L.N.Amanowanyň “Garmoniýa” dersi boýunça talyplary okatmakda öz işimde peýdalanýan mugallymçylyk usullarym”, “Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň müdiri Sähra Baýryýewanyň “Häzirki wagtda saz nazaryýet derslerini okatmakda netijeli usullar” temalary talyp ýaşlar üçin has-da täsirli boldy. Çykyşyň dowamynda talyp ýaşlar öz gyzyklanýan soraglaryny halypa mugallymlara berip kanagatlanarly jogaplaryny aldylar. 
        Maslahatyň ahyrynda okuw-usuly gatnaşyjylaryň pikirlerini, tekliplerini diňläp ara alyp maslahatlaşdylar we maslahaty jemlediler. 




Ogulnur SULTANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
   



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm