Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Biziň parahat asuda ýurdumyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, türkmen zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Gadymdan gelýän ene-mamalarymyzdan bize miras galan asylly däpleri, şol sanda milliligimizi geljege tug edip göterjek biziň ýaşlarymyz bolup durýar. Şol mynasybetli gelin-gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Ahlak terbiýesi medeni mirasymyzyň gönezligi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu maslahatyň many-mazmuny ýagny, ylym-bilim alýan, talyp gelin-gyzlary belent watansöýüjilik ruhunda, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ruhunda terbiýelemek bilen baglanyşyklydyr.
Maslahata Aşgabat şäher saglygy goraýyş müdirliginiň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Rejepowa Ogulsabyr Şagulyýewna, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Annalyýewa dagylar hem gatnaşyp talyp zenanlara özleriniň öwüt-nesihatlaryny berdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy ilkinji demokratik partiýasynyň orunbasary Annanabat Hojamämmedowa hem maslahatyň dowamynda gelin-gyzlara döwletimiz tarapyndan edilýän goldawlar dogrusynda çykyş etdi.
Olaryň talyp gyz-gelinlere beren manyly, täsirli gürrüňleri ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşly sözler bilen özleriniň hoşallyklaryny aýtdylar.
Laçyn JÜMMIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň Ylym bölüminiň başlygy.
