Hor eserleri ýokary derejede ýaňlandy
Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň hor toparynyň konserti geçirildi. Konserte konserwatoriýanyň professor mugallymlary, talyp ýaşlary bilen birlikde birnäçe myhmanlar hem gatnaşdylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Rasul Amangeldiýew “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dost-doganlykda şeýle gowy konsertleri geçirmek üçin gelen Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň hor toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýewe öziniň minnetdarlygyny bildirdi we oňa mundan beýläk hem sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi. Konsertiň başynda Türkmenistanyň Gahrymany, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça “ÝUNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň” jogapkär sekretary Çynar Rustemowa hem gatnaşyp, toparyň bu günki çykyşynda uly üstünlikleri arzuw edip, özüniň ýokary bahasyny berip guramaçylyk toparyna hem minnetdarlygyny bildirdi.
Konsertde eserler ýerine ýetirilmezden öň eser barada, aýdymy döreden kompozitoryň döredijiligi dogrusynda gyzykly maglumatlaryň berilmegi bu ýere ýygnanan tomaşaçylar köpçüliginiň has-da ünsüni özüne çekdi. Ýerine ýetirilen eserlerden kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň şahyr Akmyrat Rejepowyň sözlerine “Abadanlyk aýdymy”, N. Annatyýewanyň sözlerine “Kim sen”, belli nusgawy Awstriýa kompozitory Frans Şubertiň “Ave Maria” eserleri ýokary derejede ýerine ýetirilip diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy.
Dabaranyň dowamynda hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň “Bilmedim” aýdymy ýokary derejede ýaňlandy. Bu aýdymyň döreýiş taryhy barada awtor gyzykly gürrüňleri tomaşaçylara aýdyp berip, ony hor toparynyň ýolbaşçysy Bäşim Berdiýewe bagyşlandygyny gürrüň berdi hem-de eseriň nusgalyk nota ýazgysyny oňa ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy.
Konsert dost-doganlyk ýurdumyz bolan Özbek halkynyň “Kylpyllama” degişme aýdymy bilen jemlendi. Uly üstünlikler bilen geçirilen konsert tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyryp, myhmanlaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle ajaýyp konsertleriň yzygiderli geçirilmegi, ýaşlaryň zehinleriniñ artdyrylmagy we kämilleşdirmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Arzuw AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby
