Şirin owazly türkmen bilbili
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmeniň aýdym-saz sungatynda öçmejek yz goýan halypa Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan “Şirin owazly türkmen bilbili” atly ýatlama-konserti geçirildi. Bu dabaraly konserte Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary bilen bir hatarda ussat halypa ýazyjy-şahyrlarymyz we talyp-ýaşlar gatnaşdy.
Dabaranyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejepowa söz berildi. Soňra “Sazyň taryhy” kafedrasynyň mugallymy Gülsoltan Döwletowa halypa Medeniýet Şahberdiýewanyň ömür ýoly barada gyzykly gürrüňleri tomaşaçylara ýetirdi.
Konsert maksatnamasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Maýa Orazberdiýewanyň ýerine ýetirmeginde “Jan Türkmenistan” aýdymy bilen açyldy. Konsertiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary, Türkmenistanyň halk artisti Gözel Öwezowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Aýna Seýitkulyýewa, Bibijemal Amanowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri Arzygül Gylyjowa, Begenç Moşiýew, Amangeldi Amanow, Begenç Gaýipow we başga-da birnäçe halypa mugallymlar operalardan ariýalary, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlaryna döredilen owadan aýdymlary bilen çykyş edip dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldular.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany halypa şahyr Gözel Şagulyýewa söz berildi. Onuň opera sungatynyň göwher gaşyna deňelýän Medeniýet Şahberdiýewany ýatlap beren gyzykly gürrüňleri dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Altyn Baýramdurdyýewanyň öz döreden birnäçe ajaýyp goşgulary bilen çykyş edip, halypa Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlap ýazan goşgusyny joşgun bilen okap bermegi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Ýatlama-konserti Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetiren “Aşgabat” atly ajaýyp aýdymy bilen dabaraly ýagdaýda jemlendi.
Türkmen halky öz gymmatlyklarynyň sylag-sarpasyny hiç wagt ýitirmeýär. Aýdym-saz sungatymyzyň taryhynda uly yz goýan halypa Medeniýet Şahberdiýewa hem türkmeniň saýrak bilbili hökmünde ýüreklerde baky ýaşar.
Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyñ III ýyl talyby.
