MEŞHUR DIRIŽÝOR USSATLYK SAPAGYNY GEÇIRDI.


       Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz hünärlerinden ýokary derejede baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde mümkinçilikler döredilýär. 
       Halkara derejesinde öz hünärleriniň ussatlary hem ýurdumyzda myhmançylykda bolup, türkmen ýaşlary bilen ussatlyk hem-de halypa sapaklaryny geçirmekleri hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 
     Ýakynda şeýle ussatlyk sapaklarynyň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda  2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygary dabaralandyrmak, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan Ýewropa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk ösdürmek maksady bilen meşhur Italiýan dirižýory  Klaudio Wandelli türkmen talyplary bilen bilelikde geçirdi. Bu duşuşykda myhman nusgawy ýewropa saz medeniýeti barada çykyş edip dirižýorlyk sungaty boýunça ussatlygyny görkezdi. Ussatlyk sapagynyñ dowamynda ýaş sazandalar özlerini gyzyklandyrýan birnäçe soraglary berip myhman diriźýordan kanagatlanarly jogaplaryny aldylar. Bu geçirilen duşuşygy konserwatoriýanyñ uçurumy bolan Döwran Şammyýewiň alyp barmagy hem ýokary okuw mekdebiniñ halypa mugallymlaryny has-da buýsandyrdy. 
       Ussatlyk sapagynyň ahyrynda myhman Klaudio Wandelli guramaçylykly geçen şeýle sapak üçin öz hoşallygyny bildirip  mugallymlara we talyp ýaşlara  sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi.
     Bu günki geçirilen ussatlyk sapagyna gatnaşanlar talyp ýaşlaryñ ýokary bilimli bolmaklary üçin döredilip berýän şeýle mümkinçiliklerine  Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ adyna alkyşlaryny we minnetdarlyklaryny aýtdylar.



Guwanç HALLYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
"Sazşynaslyk" hünäriniň II ýyl talyby.


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm