Zehinli kalplaryň joşguny


      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda her ýylda geçirilýän oktýabr aýyndaky “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly dowam edýär.
      Ynha, bu gün hem dabaramyzyň çykyş etmek nobaty “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymy Dörtguly Ataýew we Züleýha Öweniýazowanyňky.
     Konsertyň ilkinji nobatynda halypa O.Annanepesowyň “Arkadag” atly eseri D. Ataýewiň we oňa sazandarlyk etmeginde Z. Öweniýazowanyň  ussatlyk bilen bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Bu eser dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekmäge başardy. 
     Dabaranyň dowamynda J.Hansähedowyň “Unutmak”, A.Gutlymu-radowyň “Hatyra”, A.Awlyýewanyň “Ynamly”, Ý.Nurgeldiýewiň “Owazym”, M.Täçmyradow “Ýeňiş” atly türkmen halypa sazandalarynyň eserleri ýaňlandy. Türkmeniň milliligi bolan dutar saz guraly bilen D. Ataýew  bu ajaýyp eserleri erjellik bilen ýerine ýetirdi. 
      Festiwalyň ahyrynda N. Muhatow “Söýli halan” atly meşhur eseri ýaňlandy we ýerine ýetirilen eserler diňleýjilerde gyzgyn el çarpyşmalryna mynasyp boldy. 

Humaý Amanowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.

66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm